Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2023

Sowuk howada gök-bakja önümleri doňýar, telekeçiler uly maddy zyýan çekýändiklerini aýdýar

0
Sowuk howada gök-bakja önümleri doňýar, telekeçiler uly maddy zyýan çekýändiklerini aýdýar

Türkmenistanda dowam edýän güýçli aýazly howa gök-bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere hem ýaramaz täsir ýetirip başlady. Lebap welaýatynda aşa sowuk howa zerarly gök-bakja önümleri doňýar. Uly maddy zyýan çekýändiklerini aýdýan telekeçiler dükanlarda talaba laýyk infrastrukturanyň döredilmändigini aýdyp, muňa sebäpkär hökmünde häkimiýetleri aýyplaýarlar.

"Düýn gije welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy -15 gradusa çenli ýetdi. Telekeçiler azyk önümlerini lomaý, uly möçberde satyn alýarlar. Häzir 'Merkezi daýhan' bazaryndaky telekeçileriň müňlerçe kilogram möçberindäki gök-bakja önümleri doňdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Ilat arasynda 'Gök bazar' hem atlandyrylýan söwda nokadynyň köp telekeçisi doňan önümleriniň käbirini arzan bahadan satyp bilýändiklerini aýdýar. Ýöne olar köp önümiň satuwa ýaramsyzdygyny belläp, müňlerçe manat möçberinde maddy zyýan çekýändiklerini aýdýarlar.

Telekeçiler durky täzelenen bazaryň geçen aý ulanylmaga berlendigini ýatladyp, bu ýerdäki dükanlarda azyk önümlerini sowukdan ýa yssydan goramak üçin talaba laýyk infrastrukturanyň döredilmändigini we özleriniň çekýän maddy zyýanyna häkimiýetleriň jogapkärdigini belleýärler.

"Dükanlar başdan sowma edilip gurlupdyr. Olarda ne ýyladyş, ne-de sowadyş ulgamlary bar. Söwdagärler gündizlerine elektrik peç ulanyp, sowukdan goranýarlar. Ýöne gije peji ýakyp goýup gidip bolmaýar. Şol sebäpli gök-bakja önümleri doňýar. Tomusda nähili boljagy belli däl. Sebäbi azyk önümleri yssy howada hem zaýalanýar" diýip, lebaply bir telekeçi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, soňky iki ýylyň içinde bazaryň uly meýdany ýykylyp, durky täzeleninden soň, ony geçen aýda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda ulanyşa bermek meýilleşdirilipdi. Bazaryň içinde esasan 20 m2 we 30 m2 meýdanly dükanlar bar.

Bazar resmileri telekeçileriň edýän şikaýatlaryny kanagatlandyrman, "aýazly howa tutuş ýurdy gurşap aldy, biziňem elimizden gelýän zat ýok" diýmek bilen çäklenýärler.

Aşa sowuk howa welaýatyň beýleki bazarlaryndaky söwdagärlere hem zarba urýar. Sebitdäki çeşmelerimiz käbir kiçi telekeçileriň öz gök-bakja önümlerini gije öýlerine alyp gaýdyp, sowukdan goramaga çalyşýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda geçen hepdäniň başyndan bäri adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa dowam edýär. Aýazly howada ýurduň dürli künjeginde ilat gaz, elektrik we suw üpjünçiliginiň kesilmeginden ejir çekýär. Ýyladyş ulgamlary hatardan çykýar. Ilat ýylynmakda, nahar bişirip, çaý demlemekde kynçylyk çekýär. Doňakçylyk maldarçylyk we guşçulyk fermalaryna, öri meýdanlardaky çopan goşlaryna hem zarba urup, mallaryň haram ölmegine getirýär.

Ýurt häkimiýetleri we döwlet metbugaty adatdan daşary aýazyň ilata, maldarlara we gök-bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada dymyşlygyny dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

Одна из целей неофашистского Азербайджана - уничтожение Христианства


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Ольга Бузова

Уроженец Новосибирска блогер Дава признался, что хранит переписки с Ольгой Бузовой




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Открытый московский фестиваль конного искусства и спорта пройдет на ВДНХ

Росгвардия приняла участие в обеспечении безопасности при проведении футбольных матчей в Москве

Известна спортивная программа фестиваля "Московская весна"


Андрей Рублёв

Рублев о победе на "Мастерсе" в Мадриде: у меня нет слов



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Россиянам назвали удачные дни для финансовых операций



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России