Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2023

Türkmenabadyň bölekleýin ot alan mekdebinde okuwçylar sowuk synplarda okaýarlar

0

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bölekleýin ot alan 11-nji orta mekdebinde okuwçylar sowuk synplarda sapak geçmäge mejbur bolýarlar. Şeýle-de, mekdebiň ot alan böleginde geçirilen gyssagly abatlaýyş işlerinden soň, köp okuwçy synplardaky ýiti boýag ysyndan şikaýat edýär. Bu barada garaşsyz "Turkmen.news" neşiri özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 26-njy ýanwarda habar berdi.

Ýatlatsak, agzalýan mekdepdäki ýangyn gyşky dynç alyş möwsüminiň başlamagyndan iki gün soň, geçen ýylyň 31-nji dekabrynda döräpdi. Ýangynda mekdebiň dört synp otagyna zyýan ýetendigini, olaryň içiniň doly diýen ýaly ýanandygyny, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary aýdypdylar.

Häkimiýetler mekdepde gyşky dynç alyş günleri tamamlanýança abatlaýyş işlerini geçirdiler. Ýöne okuwçylar 13-nji ýanwarda mekdebe baranlarynda, synplarda ýyladyş ulgamlarynyň işlemeýändigini we olarda ýiti boýag ysynyň saklanýandygyny bilip galdylar.

"Şäheriň beýleki edaralarynda bolşy ýaly, adaty bolmadyk aýazly howada mekdepde ýyladyş ulgamlary işlemeýär. Bu ýyladyş turbalarynyň aşa sowuk howa çydap bilmän ýarylmagy bilen baglanyşykly. Emma ýakynda gyssagly abatlanan mekdebiň içi beýleki binalara garanda has-da sowuk" diýip, neşir çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.

Maglumatda çagalaryň täze reňklenen synplarda okamaly bolýandygy, howany çalşyp, ýiti boýag ysyny aýyrmak üçin, otaglaryň her bir arakesmede şemalladylýandygy, ýöne munuň ýeterlik däldigi hem bellenýär.

"Käbir okuwçylar çynlakaý ýarawsyzlanýar, olarda zäherlenme alamatlary ýüze çykýar" diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada agzalýan mekdepden we sebitiň bilim bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, okuwçylaryň ýaňy abatlanyp, boýag işleri geçirilen synplarda bäş-alty sagat bolmagynyň, olaryň saglygyna nähili täsir ýetirip biljekdigini hem anyklap bolmady.

Şu aýyň başynda sebitdäki habarçylarymyz häkimiýetleriň ýanan synplary arassalamak we abatlamak işlerine dessine başlandygyny, olary okuwçylaryň gyşky dynç alyş günleri tamamlanýança dynmaga synanyşýandygyny aýdypdylar.

"Turkmen.news" neşiri synplarda geçirilen abatlaýyş işleriniň hili barada hem käbir maglumatlary berip, täzelenen pollaryň derrew diýen ýaly zaýalanyp başlandygyny aýdýar.

Maglumata görä, munuň sebäpleri abatlaýyş işleriniň hünärmenler tarapyndan däl-de, ene-atalar, ýokary synp okuwçylar we beýleki býujet edaralaryndan gelen "meýletinçiler" tarapyndan amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly.

"Häkimiýetler ýangynyň netijelerini ýok etmek işlerinde mümkin boldugyça [uly] çykdajylardan gaça durmaga synanyşdylar. Gurluşyk materiallaryny satyn almak üçin ene-atalardan pul ýygnaldy, abatlaýyş işlerine mugt işçi güýji "meýletin-mejbury" çekildi" diýip, neşir ýazýar.

Ýatlatsak, Azatlygyň habarçylary hem, synplary arassalamak işlerine mekdep okuwçylarynyň hem çekilýändigini, olaryň ýanan synplardaky gara zir-zibilleri bedrelere salyp, mekdebiň howlusyndaky çeleklere daşaýandygyny gürrüň beripdiler.

Ýurtda bolýan tebigy, ýol ýa-da tehniki hadysalary agzamaýan türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri mekdepde dörän ýangyn, onuň sebäpleri, şeýle-de onda geçirilen abatlaýyş işleri barada hem hiç hili habar bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин представил масштабную программу фестиваля "Пасхальный дар"





Москва

"Динамо" и "Зенит" назвали стартовые составы на матч 26-го тура РПЛ


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Певица

«Надо меньше есть!» Певица Ортман раскрыла секрет поддержания хорошей формы




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Динамо" и "Зенит" назвали стартовые составы на матч 26-го тура РПЛ

Московские школьники стали победителями всероссийской олимпиады по математике

Результаты забега на 5 км на Московском полумарафоне. Аплачкина и Голоктионов установили рекорды соревнований


WTA

Мирра Андреева обыграла Вондроушову в третьем круге турнира WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


НОПРИЗ

Удмуртский проект победил в Международном профессиональном конкурсе НОПРИЗ на лучший проект – 2023



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России