Prezident Berdimuhamedow COP28 sammitine gatnaşmak üçin Dubaýa geldi
1-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow klimat boýunça COP28 sammitine gatnaşmak üçin Dubaýa geldi.
Türkmenistan ýangyç-energetika desgalaryndan syzyp çykýan metan zyňyndylary bilen howany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýar.
Muňa garamazdan, türkmen hökümeti daşky gurşawy gorap saklamak tagallalaryny özüniň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini öňe sürýär.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (Cop28) sammiti 30-njy noýabr-12-nji dekabr aralygynda geçýär.
Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidentiniň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen gepleşikleri geçiripdi.
Onuň dowamynda COP-28 sammitine görülýän taýýarlyklar, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatdaky hyzmatdaşlygy maslahat edilendigi aýdylypdy.