Rumyniýanyň ÝOJ-larynda 300 türkmenistanly okaýar
Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistanyň 300-den hem aşa raýaty bilim alýar. Bu barada Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew mälim etdi diýip, ýarym-resmi internet neşirleri habar berýär.
Çoçmollaýew bu barada Aşgabatda geçirilen Rumyniýanyň güni dabarasynda mälim etdi we türkmen talyplarynyň esasan nebit-gaz pudagy bilen ilteşikli hünärleri saýlaýandyklaryny aýtdy.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Bilim ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk programmasyna gol goýuldy.
Daşary ýurtlarda bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda meşhurlygyna galýar.
Synçylar we türkmenistanlylar ýurduň ÝOJ-larynda okamaga isleg bildirýän raýatlardan uly möçberde para talap edilýändigini nygtaýarlar.