BMG-niň howa boýunça agentligi 2023-nji ýylyň iň yssy ýyl bolandygyny aýdýar
BMG-niň howa boýunça agentligi 2023-nji ýylyň degişli hasabyň ýöredilip başlanaly bäri rekord derejedäki iň yssy ýyl bolandygyny aýdýar.
Mundan başga-da, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy suw joşmalary, tokaý ýangynlary, buzlaryň eremegi we gyzgyn howa tolkunlary ýaly ýagdaýlaryň artmagy bilen bagly alada dörediji trendler barada duýdurdy.
Şeýle-de gurama dünýädäki ortaça temperaturanyň senagat döwründen ozalky döwür bilen deňeşdirilende, ýylda selsiý boýunça 1.4 dereje ýokarlanandygyny aýtdy.