Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2023
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Mary: Oba ýaşaýjylary gaz üpjünçiliginiň peselendigini aýdýar, sandan çykan turbalardan gaz syzýar

0
Mary: Oba ýaşaýjylary gaz üpjünçiliginiň peselendigini aýdýar, sandan çykan turbalardan gaz syzýar

Mary welaýatyna salkyn howanyň aralaşmagy bilen, birnäçe obalarda ýerli ýaşaýjylar tebigy gaz üpjünçiliginiň peselendigini aýdýarlar. Obalaryň ilaty könelişen gaz geçiriji ulgamlaryndan peýdalanýar. Sandan çykan turbalarda gaz syzmalary bolup geçýär. Sebitde elektrik energiýasynyň hem-de arassa agyz suwunyň üpjünçiligi bilen bagly problemalar hem dowam edýär.

“Şu günler howa salkynlap başlady, hojalyklarda tebigy gazyň basyşy juda peseldi” diýip, Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Oba ýerlerindäki sandan çykan turbalarda gaz syzmalary hasaba alynýar. Ýerli ýaşaýjylar gaz geçirijileriň çalşyrylmaýandygyny, turbalaryň çüýreýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda oba ýerleriniň merkezleşdirilen gaz üpjünçiligine birikdirilmegi, gaz turbalarynyň çekilmegi 1990-njy ýyllardan başlap giň gerime eýe boldy. Ýöne könelişen turbalarda wagtly-wagtynda abatlaýyş işleri geçirilmeýär.

“Köçelerde gazyň ysy bar. Sebäbi, gaz geçiriji demir turbalar çalşyrylmaýar. Şonuň üçin, turbalar çüýreýär, deşilýär we gaz çykarýar. Biz bu ýagdaý barada gaz üpjünçilik edaralaryna ençeme gezek habar berdik, çüýrän turbalaryň çalşyrylmagyny ýa-da abatlanylmagyny haýyş etdik. Ýöne hiç kim bejermedi” diýip, Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjylary aýdar.

Etrabyň Ak altyn geňeşligi hem birmeňzeş problemalary başdan geçirýär.

Turbalarda emele gelen deşiklerden gazyň syzyp çykmagy bilen, hojalyklara barýan tebigy gazyň basyşy peselýär. Ýerli ýaşaýjylar tebigy gazyň basyşynyň onsuz hem pes bolandygyny aýdýarlar.

Ýerli üpjünçilik edaralary raýatlaryň geçirijileri çalşyrmak baradaky haýyşlaryna, demir turbalaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp jogap berýärler.

Hojalyklara iberilýän gazyň basyşynyň peselip, gazyň ysynyň töwerege ýaýramagy bilen, oba ýaşaýjylary bu ýagdaýa özbaşdak çykalga gözleýär.

“Goňşular bilen öz aramyzda pul toplap, kebşirleýji çagyrdyk. Turbalardaky deşikleri kebşirletmekçi bolduk” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

Ýöne kebşirleýjiler demir turbalaryň ymykly ýukalandygyny, geçirijilerde emele gelen deşikleri ýapmagyň, gaz syzmalarynyň öňüni almagyň kyn bolandygyny aýdýarlar.  

Ýerli ýaşaýjylar gyş paslynyň bosagasynda üpjünçilik ulgamlarynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini, gaz syzmalarynyň öňüniň alynmagyny talap edýärler. Olar gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini wagtly-wagtynda ýygnaýandygyny, ýöne abatlaýyş işleriniň wagtly-wagtynda geçirilmeýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, bu sebitde ýerleşýän Çarlak geňeşliginiň ýaşaýjylary köp sanly hojalyklaryň merkezleşdirilen gaz geçiriji ulgamlary arkaly iberilýän tebigy gazdan peýdalanyp bilmeýändigini aýdýarlar. Olar howanyň temperaturasynyň peselmegi bilen, obanyň gaz üpjünçiliginiň tas doly diýen ýaly kesilýändigini aýdýarlar.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi özleriniň odun ýakyp nahar bişirýändiklerini, çaý gaýnadýandyklaryny, gyş paslynda odun ýakyp ýylanýandyklaryny aýdýarlar. Galyberse-de, bu sebitde propan gaz balonlary hem meşhurlyk gazanýar.

“Sähel howa salkynlasa, biziň obamyzda gazyň kesildigi hasap edäýmeli. Hojalyklar propan gaz balonlaryny ulanýarlar. Köp hojalyk gaz ýetmezçiligi sebäpli, odun ýakyp nahar bişirmeli bolýar, çaý gaýnatmaly bolýar. Gyş paslynda odun ýakyp ýylanmasak, başga alaç ýok. Häzir odun hem gymmatlaýar. Biz gyşda tezek ýakyp, mydar etmeli bolýarys, ýa-da solýarkaly peç ulanmaly bolýarys. Solýarka peçlerini ýakanymyzda, öýüň içini solýarkanyň ysy tutýar. Biziň içýän agyz suwumyz hem ýeriň teýinden gazylyp alynýan guýynyň suwy. Tok hem kesilýär. Elektrik üpjünçiligini köplenç her gün birnäçe sagatlap kesýärler” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

Şu günler günorta-gündogar sebitlerde salkyn düşüp başlady, howanyň temperaturasy aşaklaýar.

Türkmenistan energetika serişdelerine baý, ýöne sebitlerdäki infrastruktura desgalarynyň könelişmegi we sandan çykmagy ýangyç serişdeleriniň paýlanylmagynda bökdençlikleri ýüze çykarýar. Ençeme obalar heniz hem onlarça ýyl mundan ozal gurlan elektrik we gaz geçiriji ulgamlardan peýdalanýar.

Türkmenistanyň ilaty 2019-njy ýyla çenli elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen tölegsiz üpjün edilýärdi. Ýöne ykdysady kynçylyklaryň arasynda mugt hojalyk hyzmatlary ýatyryldy. Häkimiýetler hyzmatlaryň tölegli görnüşe geçirilmegini “halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy” we “bazar ykdysadyýetine geçmegiň şertleri” bilen düşündirdiler.

Döwlet mediasy oba we etrap ýerlerindäki hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiliginiň pes ýagdaýy barada habar bermeýär.

Mary welaýatynda gaz üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirýän obalar sebit merkezi bolan Mary şäherinden 20-30 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Queen

White Queen Birthday party «Королева морей»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


WTA

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Киев

В США прокомментировали подготовку покушения на Зеленского



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России