Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2023
1
2
3 4 5 6 7 8
9
10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Maşklar, dil haty, çykdajy. Türkmenistan Bitaraplyk gününe taýýarlanýar

0
Maşklar, dil haty, çykdajy. Türkmenistan Bitaraplyk gününe taýýarlanýar

Türkmenistanyň häkimiýetleri 12-nji dekabrda bellenýän Bitaraplyk baýramyna taýýarlyk görýärler we muňa tutuş ýurduň ýaşaýjylaryny çekýärler. Gatnaşyjylar saýlanýar we ähli düzgünleri kämil ýerine ýetirmek barada dil hatyny ýazmaly bolýar.

Bitaraplyk güni geçiriljek harby parada taýýarlanmak üçin Balkan welaýatyndan müňden gowrak adam ugradyldy. Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, olaryň arasynda harbylar, harby okuw jaýlarynyň studentleri we döwlet-edara kärhanalaryň işgärleri bar.

"Deňiz institutynyň talyplary, deňizçi esgerler, deňiz flotunyň we deňiz birikmesiniň harbylary Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda boljak parada uly taýýarlyk görýärler" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Gatnaşyjylardan edilýän talaplar şu ýyl ozalkylaryndan hem pugtalandyrylypdyr. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, indi parada we harby türgenleşiklere gatnaşýan her bir adamdan üç arka resminamasy we milletiniň türkmen bolmagy talap edilýär. Üstesine, parada gatnaşýan her bir harby Goranmak ministriniň adyna dil hatyny ýazmaly bolýar.

Habarçymyz dil hatynyň mazmuny barada şeýle diýýär: "Gatnaşyjy parad geçýän wagtynda özüniň aýagy büdräp ýykylsa, ýa-da tehnika sürüp geçýän harbylar ulagynda ýöriş wagty bir kiçi nogsanlyk tapylsa, ýa-da umuman parad ýolbaşçylara göwnejaý geçmese, jeza çekmäge razydygyny aýdyp, dil hatyny ýazmaly edildi. Olara göni efirde görkezilýän çärede döwleti masgara etmek günäsiniň bildirilip bilinjekdigi duýdurylýar. Hatda tussaglyk haýbaty atylýar."

Habarçymyz bilen gürleşen çeşmeler bu görkezmeleriň dilden edilendigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy parada görülýän taýýarlyklar we gatnaşyjylardan edilýän talaplar barada häkimiýetlerden resmi düşündiriş alyp bilmedi. Emma anonim gürleşen çeşmäniň sözlerine görä, bu çäreler parad wagtynda baş serkerdebaşynyň şahsy howupsyzlygyny üpjün etmek aladalary bilen düşündirilýär.

Habarçymyz bilen gürleşen harbylar gatnaşyjylardan dil hatynyň alynmagyny adalatsyzlyk diýip hasap edýärler, ýalňyşyň tötänden bolup bilýändigini belleýärler we munuň üçin jeza berilmegini aşa ýowuz atlandyrýarlar. Olaryň sözlerine görä, parad üçin maşklaryň örän agyr, köp wagty hem-de zähmeti talap edýär, esgerler eýýäm tomus aýlarynda maşk edip başlaýarlar.

Şeýle-de, çeşmelere görä, parada gatnaşan esgerler abraý bilen ýalňyşman geçip bilseler, olara prizidentiň we goranmak ministriniň adyndan hormat haty berilýär.

Harbylardan başga häkimiýetler tarapyndan paýtagta ugradylýan balkanlylaryň arasynda býujet işgärleri, şol sanda medeniýet wekilleri, polisiýa ofiserleri we ýaşulular bar.

Maşklara gatnaşýan balkanlylaryň ählisi Aşgabada öz hasabyna barýarlar we paýtagtda bolýan döwründe ähli çykdajylaryny özleri göterýärler.

"Häzirde Türkmenbaşynyň ruhyýet, medenýet köşgüniň artisleri, ähli oba medenýet öýleriniň hünärmenleri, ak sakgal ýaşulular, ýol polisiýa ofiserleri Aşgabada ugradyldy. Olar "Grand otel", "Paýtagt" we "Aşgabat" ýaly myhmanhanalara ýerleşdirildi" diýip, habarçymyz aýdýar.

Şeýle çäre mejburlygynyň arasynda harbylardan işini terk edýänleriň köpelendigini habrçylar belleýärler. Olaryň soňky maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynda oktýabr we noýabr aýlarynda azyndan 50 çemesi deňizçi ofiser öz islegi bilen işden çykmak hakynda arza ýazypdyr.

Türkmenistan Bitaraplyk gününi 1995-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde belläp gelýär.

Her ýyl uly tutumly baýramcylyk dabaralary müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreler, ýörişler bilen geçirilýär. Ilatdan pul toplanýar. Paýtagtda we şäherlerde howpsuzlyk çäreleri pugtalandyrylýar içerki migrantlar we öňki tussaglar tutulyp saklanýar. Günä geçiş yglan edilip, türme tussaglygynda oturanlardan birnäçe ýüz adam boşdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Валерий Гергиев

Пасхальный фестиваль под руководством Гергиева пройдёт 7 мая в Челябинске




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном

Что произошло 8 мая в истории Якутии


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Московский мотофестиваль решили перенести из-за непогоды



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России