Time žurnaly Taýlor Swifty 2023-nji ýylyň şahsy hökmünde saýlady
Time žurnaly ABŞ-ly belli estrada ýyldyzy Taýlor Swifti 2023-nji ýylyň şahsy hökmünde saýlady.
Swiftiň şu ýyl geçiren konsert tury has uly bolup, ondan gelen girdeji ilkinji gezek 1 milliard dollardan aşdy.
Žurnal 33 ýaşly aýdymçynyň “serhetleri aşmak we ýagtylygyň çeşmesi bolmak ugrunda ýol tapandygyny” belledi.
Swift eýýäm ikinji gezek žurnalyň ýylyň şahsy hökmünde baş sahypada peýda bolýar.
2017-nji ýylda ol jynsy bidüzgünçiliklere garşy çykyş eden “dymyşlygy bozanlar” diýlip häsiýetlendirilen bäş zenanyň biri bolupdy.