Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6 7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Türkmenbaşyda nagt pul we bankomatlar 'ýetmezçilik edýär'

0

Türkmenistanda nobatdaky zähmet, pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň raýatlaryň bank hasaplaryna geçmegi bilen, ýurduň dürli künjeklerinde bankomatlardaky maliýe ýetmezçiligi, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler, töleg terminallaryndaky bökdençlikler ýaly ýagdaýlar hem döräp başlady.

Munuň bilen birlikde, Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde golaýda dolanyşyga girizilen modifisirlenen manat bilen baglylykda täze ornaşdyrylan bankomatlaryň diňe kesgitli banklaryň kartlaryny kabul edip, beýleki banklaryň entek degişli bankomatlary ornaşdyryp ýetişmändigi hem goşmaça kynçylyk döredýändigi bellenilýär.

“Şäheriň ‘Daýhanbank’, ‘Halkbank’ we ‘Türkmenbaşy’ banklarynyň özlerindäki bankomatlardan günde diňe 10-12 adam pul çekip bilýär, soňra pul gutarýar. Bankalaryň şahamçylarynyň myhmanhanalarda ýerleşdirilen bankomatlarynyň tas 90%-i sökülip aýryldy, ýöne entek täzeleri goýulmady. Bu sebäpli şol banklaryň müşdelerileri kartlaryna geçen pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler” diýip, adynyň üýtgedilip Suraý diýlip tutulmagyny soran türkmenbaşyly pensioner aýtdy.

Her aýda 600 manada golaý pensiýa alýan Suraý golaýdaky “Awaza” zolagynda içi pully, işleýän bankomatlar bar bolsa-da, olaryň diňe Daşary ykdysady banka degişli kartlary kabul edýändigini; ýaşaýjylaryň aglabasynyň, şol sanda býujetçileriň hem beýleki bankalaryň müşderileridigini belledi.

“Bu sebäpli, ýaşaýjylaryň käbiri bank kartlaryny Balkanabada gatnaýan taksilere berip, şolaryň üsti bilen nagtlaşdyrmaga synanyşýar. Ýene käbirleri ýangyç guýujy beketlerindäki tanyş işgärleri bilen näresmi ylalaşyp, olaryň töleg terminallaryny ulanyp, puly elin aljak bolýar. Munuň öwezine serişdäniň azyndan 15%-ni ele bermeli” diýip, söhbetdeşimiz habarçymyza gürrüň berdi. Ol gara bazar dollar söwdagärleriniň, banklaryň käbir işgärleriniň hem 20% paý öwezine, kartlardaky pullary nagtlaşdyrmaga näresmi hemaýat berýändiklerini sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar, ýokarky meseleler bilen birlikde, dükanlardaky töleg terminallarynyň kadaly işlemezliginden hem köseýändiklerini aýdýar.

“Her aýyň başynda, hamala ylalaşylan ýaly, töleg terminallary hem birdenkä işlemän başlaýar. Bu söwda merkezleri, azyk dükanlary bilen birlikde, otly, uçar biletlerini satýan resmi kassalarda hem bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim gürleşen balkanly ýene bir söhbetdeşimiz nygtady.

Nagt pul ýetmezçiligiTürkmenbaşyda pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler, adamlaryň elindäki ýiti nagt ýetmezçiligi bilen utgaşýar. Habarçylarymyz we çeşmelerimiz milli pul birligiň täze polimer görnüşleriniň dolanyşyga girizilenine eýýäm ençeme aý bolsa-da, dolanyşykda entegem ‘könelen, ýyrtylan’ pullaryň aýlanýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap modifisirlenen 1, 5, 10 manatlyk polimer banknotlary, şeýle-de, görnüşinden, ozalky prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň at üstündäki heýkeliniň suraty ýerleşdirilen täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizipdi.

“[Täze banknotlar] Türkmenbaşyda henizem dolanyşyga doly berilmedi. Seýrek ýagdaýda, 5 manat kupýuralary Aşgabat bilen aragatnaşyk saklaýan käbir adamlaryň elinde görmek bolýar. Beýleki polimer banknotlary elde hem tutup görmedik. Skoç bilen ýamalan, ‘reanimassiýadan çykan’ köne pullary hem alyp bilseň, zor boldugyň” diýip, sebitdäki habaçymyzyň ýene bir söhbetdeşi belledi.

Bu aralykda, 70 ýaşlaryndaky Suraý ýurtdaky barha ýaramazlaşýan ykdysady krizisiň, bahalaryň dowamly gymmatlamagynyň arasynda, hökümetiň berýän pensiýa puluna “iň bolmanynda zerur almaly dermanlarynyň bir bölegini ýapyp biljekdigi” baradaky umyt bilen, pullarynyň ele gowuşmagyna garaşýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri dowamly ösüş sanlaryny getirip, ýurtdaky nagt pul ýetmezçiligini, milli puluň dollara görä resmi we näresmi kursunyň ýöredilmegi barada ne maglumat berýär, ne-de žurnalistleriň degişli sowallaryna jogap berýär.

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren soňky üýtgetmelere laýyklykda, iň pes pensiýany kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 550 manat, şeýle-de döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 520 manat, ýurt boýunça iň pes zähmet haky bolsa 1 müň 410 manat möçberinde bellenildi. Halk maslahatynyň geçen ýylky mejlisinde ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň her ýyl 10% ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi. Bu “halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigi” bilen düşündirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России