Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Ilatyň hökümetçi mollalara we ýaşululara gaýtawul bermegi ‘artýar’, käte bu wakalar ‘urup-ýençmä’ baryp ýetýär

0

Türkmenistanda ilatyň hökümetçi mollalara we il ýaşulularyna aç-açan gaýtawul bermegi bilen bagly wakalar ozal görlüp-eşidilmedik derejede artdy diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi aýdýar.

Olaryň sözlerine görä, käte bu wakalar ilatyň hökümet propagandaçylaryny urup-ýençmegine hem getirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 10-njy fewralda ýurduň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“Soňky hepdelerde türkmenistanlylar köpçülik ýerlerinde, bazarlarda, toý-märekelerde, iş ýerlerinde aç-açan görnüşde Berdimuhamedowlaryň syýasatynyň halkyň hakyky durmuşyndan dolulygyna üzňe galýandygyny aýdyp, aç-açan tankyt edýärler. Bu hili diskussiýalarda ‘şükür ediň, uruş ýok, pensiýaňyzy doly kesse dagy nätjek’ äheňli çykyş edýän hökümetçi aksakgallara, il ýaşulularyna, mollalara adaty raýatlar tarapyndan aç-açan gaýtawul berlip başlandy” diýip, bu wakalara şaýat bolan ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanda din wekilleriniň, şol sanda mollalaryň we ýaşulularyň köpüsi toýlarda we sadakalarda, dini çärelerde, oturan-turan ýerlerinde döwlet syýasatyny wagyz etmekde, prezidentiň alyp barýan syýasatyny mahabatlandyrmakda tanalýar.

Soňky ýyllarda ýurtda din wekilleriniň metjitlerde syýasaty wagyz etmekligi, ilaty sadaka bermäge ýa-da prezidentiň kitabyny okamaga çagyrmagy, şeýle-de il ýaşulularynyň adamlary ogul-gyzlaryny daşary ýurtlara okuwa, işe goýbermezlige öwüt-ündew etmegi ýaly hadysalar barada berilýän habarlar has-da ýygjamlaşdy.

Şeýle hem ýatlatsak, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanandygyny aýdyp, ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki döwlet kömek pullarynyň möçberini 10 göterim artdyrmak tejribesini bes etmegi hem, il ýaşulusy Halk maslahatynyň soňky mejlisinde teklip edipdi.

"Indi şyltak atmalar jogapsyz galmaýar"Ýöne raýatlar indi mollalaryň we ýaşulularyň edýän çykyşlaryna we çagyryşlaryna aç-açan jogap berýärler. Olar “uruşsyz ýurduň halky şeýle aç, goragsyz, kömeksiz bolsa, uruşsyz ýurduň goşuny şu derejede iýmitsiz, goşsuz, em-dermansyz bolsa, uruş bolaýsa näme bolar onda?!” diýen ýaly gaýtawullary berýärler.

“Adamlaryň arasynda hökümetiň propagandasyny edýänlere ‘seniň özüň şükür ediber, eger 2,5 kg ete ýetýän pensiýa sen üçin şükür ederlik bolsa!’ görnüşde jogap berýänler hem bar. Hökümetçi propagandaçylaryň muňa gahary gelip, tankydy pikirini bildirýän raýatlara ‘Türkmenistanda-da ine diwersantlar, bozgakçylar peýda bolupdyr, siz iliň agzybirligini bozýançylar!’ diýip, hemişe bolşy ýaly şyltak atýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Emma ýaşaýjylar indi bu "şyltak atmalaryň" hem jogapsyz galmaýandygyny aýdýarlar.

“Şäherlerde adamlar bu hili hökümetçi molla-ýaşulularyň şyltagyna göni, köp halatlarda paýyş sözler bilen jogap berseler, oba ýerlerinde köplenç bu ýagdaýlar propagandaçylary ýençmek ýa-da urmak bilen gutarýar. Häzire çenli şeýle wakalaryň birnäçesi boldy” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, Azatlykda bu wakalaryň anyk nirelerde we haçan bolandygy barada doly maglumatlar bolsa-da, redaksiýa çeşmelerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Habarçylarymyz bularyň esasanam şu ýylyň ýanwar aýynda aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki döwlet kömek pullarynyň möçberini 10 göterim artdyrmak tejribesiniň bes edilmeginiň we goňşy Eýrandaky protestleriň fonunda ýygjamlaşyp başlandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak boýunça 20 ýyla golaý amal edilen tejribe şu ýyldan başlap bes edildi.

Häkimiýetler bu barada häzire çenli resmi beýanat bilen çykyş etmeýän mahaly, ýurtda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdaryny 300%-e çenli ýokarlandyrdylar. Şeýle-de, ýurtda azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, dermanlaryň, çaga iýmitleriniň we käbir beýleki hyzmatlaryň bahalary hem onlarça, käbirleri ýüzlerçe göterim gymmatlady.

"Ýiti gapma-garşyly" we "güýçli howatyrlanmalar"Ýerli synçylaryň birnäçesi raýatlaryň aç-açan gaýtawul bermegi bilen bagly ýagdaýlaryň adaty halk bilen hökümetçi wagyzçylaryň arasynda ýiti gapma-garşylygyň ýüze çykyp başlandygyny görkezýändigini aýdýar.

“Türkmen reallyklarynda bu hili ýagdaýlar bir tarapdan gaty geň. Sebäbi 30 ýyllyk ýapyklyk, üzňelik we gorky syýasaty adamlarda öz pikiriňi aýtmagyň islendik görnüşde gadagan we repressiýa bilen baglanyşykly bolmagyny düşünmekligi ösdürip ýetişdiren bolsa, beýleki tarapdan, soňky ýyllarda ýurduň syýasy-ykdysady ýagdaýynyň göz-görtele çagşap başlamagy ilatyň repressiýa gorkusyny peseldip başlady. Elinden bar hak-hukugy, ykdysady diriligi alnan il ahyrsoňy dymmagyny bes edip başlady” diýip, paýtagtly syýasy synçy belledi.

Şol bir wagtda, türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmelerimiz “ýokary derejeli häkimiýet wekillerinde jemgyýetdäki artyp barýan sosial işjeňligiň soňy bilen syýasy talaplara ulaşyp gitmek ähtimallygy babatynda güýçli howatyrlanmalaryň we dowluň bardygyny” aýdýarlar.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň degişli häkimiýetlerinden, polisiýa we din edaralaryndan telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bu maglumatlar, Aşgabatda sungat işgärleriniň we sosial ulgamlarda köp sanly followeri, ýagny yzarlaýjysy bolan bloggerlerden daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň çykyşlaryna garşy maglumatlary paýlaşmagyň talap edilýän mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России