Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Ykdysady kynçylyklaryň arasynda metjitlerden ‘medet gözleýän’ raýatlar göz-görtele ‘köpeldi’

0

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşyp, ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşmagynyň arasynda, metjitlerden kömek soraýan raýatlaryň sany göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada maglumat berýän ýurduň din wekilleriniň birnäçesi hökümetiň jezalandyrmalaryndan howatyr edip, bu raýatlara köplenç kömek berip bilmeýändiklerini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Tapdan we dürden düşýän ilat döwlet tarapyndan hiç hili kömek bolmaýanlygy üçin paýtagtda ýerleşýän metjitleriň ymamlaryndan we gurply adamlar tarapyndan haýyr-sahawat, ynsanperwerlik niýeti bilen metjidiň ammarçysyna, Türkmenistanyň müftüsi tarapyndan bellenýän dindara tabşyrylýan puldan sadaka, kömek sorap ýüz tutýar. Bu adamlaryň sany soňky birnäçe aýyň dowamynda juda artdy” diýip, paýtagtyň dini edaralarynyň birindäki din wekili anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, ol metjitleriň jogapkär din wekilleriniň, şol sanda ruhanylarynyň, ilata pul we iýmit kömegini bermäge mümkinçiligi bar hem bolsa, ýüz tutup gelýän raýatlara kömek bermekden köplenç saklanýandygyny aýdýar.

Din wekilleriniň birnäçesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatlarynda muňa “hökümet tarapyndan jezalandyrylmak baradaky howatyrlanmalaryň sebäp bolýandygyny” nygtady.

"Dürli aýyplamalar bilen jezalandyrylýar"“Munuň sebäbi hökümet ilata kömek bermeýän wagtynda, metjidiň ruhanylarynyň garyp düşen hojalyklara maddy ýardam bermegi, dini edaranyň abraýynyň artmagy, şol bir wagtda, hökümetiň abraýdan düşmegi bilen bagly. Häkimiýetdäkiler muny özleriniň häkimiýetde galmagyna howp abandyrýan çäre hökmünde häsiýetlendirýärler” diýip, paýtagtyň metjitleriniň birindäki din wekili anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol hökümete bu barada habar ýetse, onda din wekilleri bilen bilelikde, dini guramalara, şol sanda metjitlere adaty haýyr-sahawat, ynsanperwerlik kömegini beren telekeçileriň, dürli aýyplamalar bilen jezalandyrylýandygyny hem aýtdy.

Türkmenistanda raýatlaryň, şol sanda telekeçileriň özbaşdak guramalaşdyrýan haýyr-sahawatlary, ynsanperwerlik kömekleri berk döwlet gözegçiliginde saklanýar.

Ýatlatsak, 2020-nji ýylda ýurduň gündogar sebitlerinde turan we onlarça adamyň ölümine sebäp bolan harasatdan soňky dikeldiş işleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna döwletiň adyndan ejir çekenlere ýardam bermek soralypdy. Şonda türkmen häkimiýetleri beriljek ýardamlaryň telekeçileriň adyndan däl-de, diňe döwletiň adyndan gowşurmaga rugsat beriljekdigini aýdypdylar.

"Öýsüzler metjitlerde, gonamçylyklarda ýatyp turýarlar"Azatlyk ýurduň din wekilleriniň beýan eden ýagdaýlary barada paýtagtyň din edaralaryndan resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşýandygy we 'munuň agyrysyny' halkyň durmuşynda günsaýyn has köp görse bolýandygy barada Azatlygyň ýurduň dürli künjegindäki habarçylary aýdyp gelýär.

Ýanwar aýynda ýurduň gündogar-günorta sebitlerinde jaý kireýini töläp bilmän, öýsüz galan adamlaryň köpelýändigi, olaryň ençemesiniň, howanyň temperaturasy gijelerine –1 gradusa çenli sowaýan günlerde, sowukdan goranmak we aman galmak üçin metjitleriň, gonamçylyklaryň sadaka berilýän myhman jaýlarynda ýatyp turýandygy barada habarçylarymyz maglumat berdi.

Türkmenistanda raýatlaryň “bolelin we asuda durmuşda ýaşaýandygyny” ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ykdysady kynçylyklary boýun alyp, onuň ilata ýetirýän täsirleri barada asla gürrüň gozgamaýarlar.

Ýurtda güzeran eklenji ýaramazlaşyp, garyplyk derejesindäki adamlaryň sany baradaky statistika hem ilat köpçüligine ýetirilmeýär. Bu ýagdaýlar barada resmi metbugat hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России