Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Aşgabatda 'Arkadag'-'Al-Nassr' futbol öýny geçer, Ronaldo Türkmenistana barmady

0

Türkmenistanyň "Arkadag" futbol komandasynyň Saud Arabystanynyň "Al-Nassr" topary bilen oýny 11-de fewralda agşam Aşgabatda geçýär. Olimpik stadionynda geçirilýän futbol oýnuna türkmen tarapy uly taýýarlyk bilen garaşdy.

Oýnuň geçjek günüň başynda Olimpiýa stadiony eýýäm adamdan doludy. Futbol oýny agşam sagat 7-de geçýän hem bolsa, daň bilen tribunalar tomaşaçylar bilen doldurylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri çarşenbe güni irden Aşgabatdan maglumat berdiler.

"Talyplar we býujet işgärleri daň bilen stadionyň tomaşaçy oturguçlarynda özleri üçin bellenen ýerlerde butnaman oturmaly edildi" diýip, çeşmeleriň biri stadiondaky ýagdaýy suratlandyrdy.

"Arkadagyň" garşydaşy "Al-Nassryň" futbolçylary Aşgabada 10-njy fewralda irden bardy, emma olaryň arasynda meşhur Kriştianu Ronaldo bolmady.

"Al-Nassr" toparynyň baş tälimçisi Horhe Jesus Kriştianu Ronaldonyň Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Çempionlar Ligasynda "Arkadag" we "Al-Nassr" arasynda Aşgabatdaky oýna näme üçin gatnaşmajakdygyny düşündirdi.

Ronaldo näme üçin gelmedi?“Biz iş tertibiniň köp bolmagy sebäpli Ronaldo we beýleki esasy düzümdäki oýunçylara dynç bermek kararyna geldik - öňümizde “Al-Fateh” bilen möhüm oýun bar” diýip, Horhe Jesus media maglumatlarynda sitirlenýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatynda bäş gezek "Altyn top" baýragynyň eýesi bolan Kristianu Ronaldodan başga-da "Al-Nassryň" düzüminde "Arkadag" topary bilen Aşgabatdaky oýna gatnaşmajak futbolçylaryň arasynda Kingsli Koman, Žoao Feliks, Sadio Mane ýaly ýene birnäçe meşhur futbolçynyň ady agzalýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmenistanly çeşmeleri Ronaldonyň barmazlygy hem raýatlaryň, hem-de häkimiýetleriň "keýpini gaçyrdy" diýýärler. Bir aý öňünden häkimiýetleriň tomaşaçylary taýýarlamak boýunça maşklaryna çekilen ýaşlar surnukdyryjy taýýarlyklara garamazdan, futbol oýnunda Ronaldony görmegi umyt edipdi.

Aşgabatly çeşme Ronaldonyň gelmegine häkimiýetleriň hem garaşandygyny belledi.

"Al-Nassr futbol toparynyň düzüminde, meşhur futbol ýyldyzy Ronaldanyň bolmazlygy, Türkmenistanyň hökümetiniň keýpine sogan dogrady. Ronaldo gelen bolsa, Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda görkezilerdi we mundan öň daşary ýurtly aýdym-saz ýyldyzlary we beýleki meşhur wekilleri gelende bolşy ýaly, daşary ýurtlularyň Türkmenistany görmäge, dynç almaga höwes we arzuw edýändiklerini görkezmek meýil edilýärdi" diýip, çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçysy futbol ýaryşyna biletler onlaýn satylýar diýlip, yglan edilmegine garamazdan, özüniň bilet satyn alyp bilmändigini, oýna tomaşa etmek üçin bilet satyn alyp bilen başga adamyň öz töwereginde ýokdugyny gürrüň berdi.

"Ýok. Biletleri onlaýn görnüşde satyn alyp bilersiňiz diýlip ýazylan, ýöne onlaýn arkaly bilet satyn alan adama duş gelmedik" diýip habarçy aýtdy.

Ol 11-nji fewralda futbol oýnuň geçjek güni stadiona baranlaryň öňünden düzülen ýörite sanawlaryň esasynda geçirilýändigini habar berdi.

'Arkadagyň' 'janköýerleri'Aşgabatly ýene bir çeşme adaty tomaşaçylaryň häkimiýetleriň öňünden taýýarlyk gören guramaçylyk planlaryna gabat geljek hereketleri edip-etmejegini öňünden çaklap bolmajagyny, şu sebäpden ýurtda geçýän halkara çärelerinde öňünden taýýarlanmadyk adamlaryň islenilmeýändigini aýtdy.

"Hakyky tomaşaçylar tas ýok diýlen ýaly, sebäbi öz islegi bilen petek satyn alyp gelen tomaşaçylar, çäre gurnaýjylaryň talap edýän hereketlerine we egin-eşiklere degişli talaplaryna laýyk we boýun bolmaýarlar" diýip, çeşme aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň bu futbol oýnuna taýýarlyklary ýanwaryň ortalarynda başlandy. Ýokary okuw jaýlarynyň studentleri Olimpiýa stadionynda geçirilen yzygiderli maşklara gatnaşmaga mejbur edildi, sowuk howada birnäçe sagatlap, geçirilen maşklarda olara "Arkadaga" janköýer bolmak üçin hereketler we şygarlar öwredildi. Býujet edaralarda işgärlerden tomaşaçy bolmak we bilet satyn almak talap edildi.

Aşgabatdaky futbol oýny Olimpik stadionynyň töweregindäki jaýlaryň ýaşaýjylaryna göni täsir ýetirdi we şäherde hereket azatlygyny çäklendirdi. Golaýdaky etrapçalaryň ýaşaýjylaryna hususy awtoulaglaryny duralgalardan çykarmazlyk, ulanmazlyk öňünden tabşyryldy. Oýnuň geçýän güni ýollar ýapylyp, diňe jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnajagy aýdylyp, şolardan peýdalanmak tabşyryldy.

"Olimpik stadionyna barýan we deňinden geçýän köçeler doly ýapyldy we polisiýa işgärleriniň halkasy bilen gabaldy. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ýüzlerçesi stadionyň girelgelerinde, çatryklarda üç, dört bolup, nobatçylyk çekýärler, ulag duralgalaryndan ýaşaýjylaryň ulaglaryny alyp çykmaga rugsat berilmeýär" diýip, aşgabatdaky habarçymyz 11-nji fewralda irden habar berdi.

Türkmen futbolçylarynyň Saud arabystanly garşydaşlary bilen ýaryşynyň 11-nji fewralda Aşgabatda we 18-nji fewralda Er-Riýadda boljagy Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Kuala-Lumpurda geçiren bije çekişliginden soň yglan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России