Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28

Harbylaryň, kanun goraýjy işgärleriň arasynda režimiň geljegine 'ynamsyzlyk artýar'

0
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyny täzeledi. Azatlygyň habarçylaryna anonimlik şertinde pikirini aýdan synçylaryň, şol sanda güýç gurluşlaryna ýakyn raýatlaryň sözlerine görä, täze geçirilen kadr çalyşmalary ýurtdaky syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny yşarat edýär.
Türkmen metbugaty general-maýor Nazar Atagaraýewiň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadylandygyny, bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Meredowyň bellenilendigini habar berýär.
"Başga işe geçirilen" Atagaraýew howpsuzlyk ministri wezipesine bellenmezinden öň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işleýärdi.
Meredow täze wezipesine bellenmezinden öň prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolup işleýärdi.
Soňky bir ýylyň dowamynda, ýurtdaky repressiýalar bilen baglylykda, bu ministrligiň gürrüňi sosial ulgamlarda has köp edildi diýip, synçylar aýdýar.
Howpsuzlyk ministrligindäki ýolbaşçy täzelenmesi hökümetiň bir gün ozal bolan giňişleýin mejlisinde geçirilen köpçülikleýin kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Hökümetiň 2025-nji ýylda bitiren işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisde aýdylmagyna görä, öňki ýyllarda aýdylyşy ýaly, geçen ýyl hem jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilipdir (6,3%).
Nebit-gaz ugrunda nämeler bolýar?Türkmenistanyň esasy girdejisi nebit-gaz pudagyna bagly bolup durýan wagtynda we, içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendiginiň ýene bir gezek tassyklanmagy bilen, prezidentiň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew, pensiýa gitmegi sebäpli diýlip, wezipesinden boşadyldy, nebit-gaz pudagyndaky esasy hünärmenleriň biri, 2023-nji ýylyň maýyndan bäri hökümet başlygynyň orunbasary bolan Batyr Amanow hem wezipesinden boşadyldy.


Wise-premýer, ozal bilim ministri bolan Baýramgül Orazdurdyýewa, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow hem wezipesinden boşadyldy. Bu ugurlar korrupsiýanyň iň çuň ornaşan pudaklary diýip bilinýär.
Şol bir wagtda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadylan Batyr Mämmedow hem ösdürilip, hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Şeýle-de, Mämmethan Çakyýew hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Soňky döwürde bu resminiň gözegçilik eden pudagy hakynda hem sosial ulgamlarda, garaşsyz neşirlerde köp gürrüň edildi.
Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Begmyrat Ataýew we ýene onlarça jogapkär resmi wezipesinden boşadyldy, emma olaryň “gidiberleriniň” sebäpleri aýdyňlaşdyrylmady.
Mejlisiň dowamynda Awtomobil ýollary ministrligi döredilip, Hangeldi Kerimow ministr wezipesine bellendi.
Kadr çalyşmalary ilata 'umyt bermeýär'Maglumat üçin aýdylsa, 2025-nji ýyl zähmet haklarynyň we beýleki tölegleriň, öňki ýyllardan tapawutlylykda, 10% hem ýokarlanmazlygy bilen taryha girdi we, habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, ilatda ýurt ykdysadyýeti, geljek hakynda köp sorag döretdi.
Türkmenistanda prezidentiň permanlary esasynda bellenilýän jogapkär ýolbaşçylaryň yzygiderli täzelenip durmagy, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, kemçilikleriň belli bir derejede aýdylýan wagtynda, ilatda üýtgeşiklik, özgeriş boljakdygyna azda bolsa umyt döredýärdi.
Şeýle-de, ozallar işden aýrylýan resmiler il içinde belli derejede tanalýardy, soňkular kän tanalmaýar, ýolbaşçy işgärler bilen ilat arasyndaky gatnaşyk aýdyp bolmajak derejede peseldi ýa-da azaldy diýip, ýerli synçy aýtdy.
Ýerli çynçylar, dürli ugurlardaky çeşmelerimiz, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, 13-nji, 14-nji fewralda geçirilen kadr çalyşmalarynyň fonunda, habarçylarymyza adamlaryň ýurtdaky demikdiriji syýasy ýagdaýdan, çykalgasyz ykdysady çökgünlikden gaty ýadandyklaryny, täze bellenen ýolbaşçylaryň ilatda umyt döretmeýändigini aýtdylar.


Içeri işler ministrliginiň, döwlet migrasiýa gullugynyň, goranmak ministrliginiň, adalat ministrliginiň, milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralaryndaky çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, 2026-njy ýylyň fewralyna gelip, hukuk goraýjy edaralardaky we goşundaky içki närazylyk, hökümete bolan ynamsyzlyk “öň görlüp-eşidilmedik derejä çykypdyr”.
Aýdylmagyna görä, bu ýagdaýyň esasy sebäbi türkmen häkimiýetleriniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, ofiserleriň we esgerleriň iň bir ýönekeý sosial, ykdysady meselelerini çözüp bilmezligi, ýurduň güýç edaralaryndaky korrupsiýa we oňa garşy göreşilmezligi, bar bolan kynçylyklaryň boýun alynmazlygy bilen bagly.
Azatlygyň habarçylary ofiserleriň öý, jaý üpjünçiligi, sosial goraglylygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy we tehniki üpjünçiligi, esgerleriň kadaly egin-eşik we azyk üpjünçiligi bilen bagly meseleleri yzygiderli habar berýärler. Emma häkimiýetler bu hili maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
'Eden-etdilikden goranmagyň kynlaşýandygy' aýdylýarHabarçylarymyz bilen gürleşen hukuk goraýjylar, harbylar ýurtda giň ýaýran korrupsiýadan, eden-etdilikden goranmagyň barha kynlaşýandygyny, raýatlaryň kanuny we kazyýet goraglylygy barada gürrüň etmegiň hem mümkin däldigini aýdýarlar.
Aýry-aýrylykda gürleşilen harbylaryň tassyklamagyna görä, Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň, ýurduň güýç edaralarynda iş ýüzünde hiç hili ideologik garaýyş, çemeleşme galmady, olar hakykatda diňe hökümetiň töleýän aýlygy we iş ýagdaýyndan ykdysady peýda görmek bilen gyzyklanýarlar.
"Gurbanguly Berdimuhamedowyň konstusiýany bozup, özüni şol wagtky iki palataly parlamentiň ýokary palatasynyň başlygy edip bellemegi, öz ogluny prezident wezipesine geçirip, Halk maslahatynyň başlygy bolmagy harbylara we hukuk goraýjylara ýurtda hiç hili kanunyň islemeýändigini, režim üçin hiç hili syýasy ýa-da jemgyýetçilik ideologiýanyň, sähelçe-de bolsa prinsipleriň ýa ýörelgeleriň ýokdugyny görkezdi. Bu ýagdaý ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryndaky korrupsiýany tasdan aç-açan görnüşe getirdi. Ýek-tük halal zähmet çekip, aýlyk alýan ofiser ýa polisiýa işgäri diýäýmeseň, güýç edaralarynyň ähli işgäri ol ýa-da beýleki görnüşde parahorluga batdy" diýip, paýtagtly harby habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz ýurtda çuň ornaşan syýasy basyşlaryň we yzarlamalaryň başynda durýan edaranyň - Milli howpsuzlyk ministrliginiň korrupsiýada goranmak ýa içeri işler ministrliginden, migrasiýa gullugyndan "yza galmaýandygyny" öňe sürýärler. Azatlyk, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, bu aýdylýanlary ýerinde barlap, tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.


Şol bir wagtda, balkanly MHM işgäriniň aýtmagyna görä, Atagaraýewiň Milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadylmagy, bir tarapdan ýurtdaky umumy atmosferany tassyklasa, ikinji tarapdan, ýagdaýy gowy bilýän adamlara gowy umyt bermeýär.
Kadrlar ýagdaýy üýtgetmek üçin däl, 'göz üçin' täzelenýär"Berdimuhamedowlar maşgalasy [her] näme etjek, öz şahsy bähbidini gorajak, [olaryň] başga hiç bir problema ýa kynçylyk bilen işem-derdem ýok, olary ýurtdaky kynçylyklaryň hiç biri gyzyklandyranok" diýip, balkanly MHM işgäri Azatlygyň ynamdar çeşmesine aýtdy.
Ýurt ýolbaşçylarynyň göz üçin ministrleri çalşyp, ulgamlaýyn reformalary durmuşa geçirmekden, bar bolan kynçylyklary we kemçilikleri aç-açan boýun almakdan gaça durmagy, MHM işgäriniň pikiriçe, "ýurdy iru-giç ykdysady, sosial we soňy bilen syýasy anarhiýa oklap biler".
Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki çeşmelerimiz ilat arasynda türkmen hökümetiniň 13-nji fewralda geçiren mejlisinde yglan edilen kadr çalyşmalary, bir gün soň Milli howpsuzlyk ministriniň täzelenmegi bilen bagly pikir alyşmalaryň dowam edýändigini, adamlaryň köpüsiniň indi täze bellenilýän ýolbaşçylardan tas hiç bir üýtgeşiklige garaşmaýandygyny habar berýärler.
Türkmen hökümetiniň agzalarynyň prezidente berýän hasabatlarynda gaýtalanýan ösüş sanlary, çeşmelerimiziň aýtmaklaryna görä, adamlaryň diňe ‘gaharyny getirýär’. Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşleri jogapkär wezipe bellenilýän adamlaryň indi onlarça ýyl bäri ‘ýat tutulana meňzeýän umumy sözleri’ aýdýandyklaryny, olaryň uly gorky astynda işlemeli bolýandyklaryny tas hemme adamyň bilýändigini belleýärler.
Azatlygyň habarçylary ýurduň sebitlerinde milli howpsuzlyk edaralarynda işleýän ýa ozal işlän, bu ulgamda ýakyn garyndaşy işleýän ýa işlän adamlaryň, MHM işgärleriniň pikir alyşýan, ynanyşýan tanyşlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.
Çeşmeleriň aýry-aýrylykda beren gürrüňlerinden çen tutulsa, soňky ýyllarda syýasy aktiwistlere, garaşsyz žurnalistlere we bloggerlere garşy alnyp barylýan repressiw göreş indi diňe MHM işgäriniň ykdysady gyzyklanmasyna, ýagny bu ýerden özüne nähilidir bir maddy bähbit gözlemegine daýanýar.
MHM işgärleri repressiýany 'çyn ýürekden goldamaýar'MHM işgärleriniň başga pikirlilere garşy alyp barýan göreşinde "hiç hili syýasy we ideologik sebäp ýok, olar bu işi esasan öz güzeranyny gowulaşdyrmak üçin, berlen buýruk esasynda dowam etdirýärler” diýip, ýerli synçy aýtdy.
"MHM işgärleri aktiwistlere, garaşsyz pikirlerini beýan edýän raýatlara garşy repressiw basyşy diňe ýokardan berilýän buýruk üçin, hökümetiň aýlygyna bagly bolandyklary üçin dowam etdirýärler. Nyýazow ýa-da uly Berdimuhamedow döwründäki ýaly, ak ýürekden "watan dönükleri bilen göreşýän" diýäýjek "fanatik ýa-da ideýaly" MHM işgärleri tas galmady” diýip, söhbetdeşimiz bu gurama işe barýan adamlaryň ýönekeý adamlara garanda köp zada ‘gowy düşünýändigini’ öňe sürdi.


Onuň sözlerine görä, MHM işgärleri türkmen režiminiň durmuş reallyklaryndan doly diýen ýaly üzňedigini, halkyň syýasy-ykdysady meseleleriniň indi kňp ýyl bäri gňre-bile inkär edilýändigini gowy bilýärler we ikiçäk gürrüňçilikde, halk passiw bolsa, bu ýagdaýyň uzak dowam etjekdigini açyk aýdýarlar.
Aýry-aýrylykda gürleşilen hukuk goraýjylaryň birnäçesi türkmen döwletiniň halkara abraýynyň pesdigini, syýasy ornunyň ýok tasdan diýerlikdigini öňe sürdi.
“Türkmen döwletiniň dünýäniň abraýly syýasy guramalary ýa-da bileleşikler bilen içgin, ynamdar gatnaşygy ýok, bu ýagdaý hukuk goraýjylarda režimiň geljeginiň gümürtikligi baradaky pikirleri döredýär" diýip, daşoguzly çeşme ýerli MHM işgäriniň aýdan sözlerine salgylandy.
Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan harbylar we hukuk goraýjylar Türkmenistanyň güýç edaralarynda, bir tarapdan režime diňe aýlyk üçin ‘hyzmat edýänleriň’ galandygyny aýtsalar, beýleki tarapdan, döwlet gullukçylaryndaky içki närazylygyň artýandygyny öňe sürýärler.
Harbylar, hukuk goraýjylar bu närazylygyň soňky döwürde "syýasy we ideologik reňkleriniň" hem görnüp başlandygyny aýdýarlar.
"Nähilem bolsa, 2026-njy ýyldaky türkmen harbylary we hukuk goraýjylary 2006-njy ýa 2000-nji ýyllardaky adamlar ýaly däl. Mundan 20-25 ýyl öňki harbylar we hukuk goraýjylar sowetler zamanyndan galan kadrlardy, olar köp halatlarda Orsýete we sowet ideologiýasyna ýykgyn edýärdiler. Emma häzir 25-35 ýaşlaryndaky harbylar we hukuk goraýjylar, köp halatlarda, türki birligiň, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleri bilen gatnaşyklaryň, Turan birligi ýaly ideýalaryň tarapdarlary bolup görünýär” diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.
Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz ýaş hukuk goraýjy kadrlaryň arasynda dine ýykgyn edýän, arap we musulman döwletleri bilen has ýakyn gatnaşyk gurmagyň tarapynda durýan, bulardan başga, Ýewropa, ABŞ, Günorta Koreýa ýaly demokratik döwletler bilen gatnaşyklaryň tarapdary bolan, öz pikirlerini gorap bilýän ýokary bilimli, pikirini goram bilýän hünärmenleriň hem az däldigini bellediler.
Aşgabatly bir harbynyň Azatlyk bilen anonimlik şertinde eden gürrüňinde tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň dindarlara edýän bikanun basyşlary, bu işde ‘satlyk’ diýilýän din wekilleriniň we hukuk goraýjylaryň hem ulanylmagy köp adamy gaty nägile edýär, soňky ýyllardam kanunlar işlemänsoň, durmuşdaky kynçylyklardan baş alyp çykmak üçin esasan öz ynançlaryna, gadymdan gelýän adamkärçilik gatnaşyklaryna berk uýýan adamlar kähalatda, gaharlaryny saklap bilmän, döwlet resmilerine berk sözleri aýdýarlar.
Bitaraplyk wagzy il arasyndaky 'täsirini ýitirýär'Aýry-aýrylykda gürleşen söhbetdeşlerimiziň birnäçesi indi Türkmenistanyň Bitaraplygy barada edilýän gürrüňleri hem ‘gowy garşylamaýar’.
“2026-njy ýyla gelip, türkmen harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýurduň bitaraplyk derejesiniň tarapynda durýanlaryň sany iş ýüzünde gaty azalana meňzeýär. Sebäbi, dünýäde bolup geçýän özgerişler baradaky habarlary analizleýän adamlar, güýçli goşun bolmasa, kanun birkemsiz işlemese, sosial işjeň jemgyýet bolmasa, bitaraplyk ýurdy "gorap bilmez" diýen pikiri barha köp aýdyp başladylar” diýip, maryly harby öz pikirini paýlaşdy.


Lebaply polisiýa işgärleri hem güýç edaralarynda adalata, kanuna, mynasyp aýlyk haklaryna bolan isleg-talaplaryň has artyp başlandygyny, ýagny bu ýagdaýyň öňki ýyllardaky garanda has gowy duýulýandygyny aýdýarlar.
"Ählumumy korrupsiýa hut ýokardan gelýän bela. Emma 4 ýyla golaý prezident wezipesinde oturan Serdar Berdimuhamedow korrupsiýany ýekeje gezek hem aç-açan boýun almady ýa ýazgarmady. Bu ýagdaý ulgamdaky işgärleri "aşakdan ýokara çenli " parahorluga çümdürýär, kanuna we aç-açanlyga bolan ynamy dolulygyna ýere gömýär" diýip, lebaply polisiýa işgäri aýtdy.
Ýerli synçylaryň käbiri türkmen güýç edaralarynyň işgärlerindäki ideologik garaýyşlaryň, häzirlikçe açyk beýan edilmese-de, döwlet baştutanlarynyň syýasatyna çapraz gelýändigini, bu çaprazlygyň ýakyn gelejekde, ykdysady kynçylyklaryň fonunda has güýçlenip, syýasy dartgynlylyga getirmek ähtimallygyny aradan aýyrmaly däldigini duýdurýarlar.
"Ýadyňyzda bolsa, öňler 'Halk goşun - birdir' diýlen şygar ýörgünlidi. Soňky döwürde bu şygaryň derwaýyslygy ýene duýlup başlana meňzeýär. Sebäbi, türkmen häkimiýetleriniň 30 ýyllyk ýapyklyk, üzňelik, hiç bir meselede öz pozisiýasy bolmadyk syýasaty diňe bir ýönekeý raýatlary däl, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini ýadatdy. Olardaky içki närazylyk güýçlenýär diýsem’ ulaltma bolmaz” diýip, bir harby aýtdy.
Ýapyk ýurtda, habarçylarymyzyň örän seresaplylyk bilen işlemeli bolýandygy üçin, bu pikir soramalaryny doly bahaly sosial barlag kökmünde häsieýtlendirip bolmaz. Emma muňa garamazdan, ýurt içindäki ykdysady we syýasy ýagdaýlara ýakyndan syn edýän birnäçe synçy harby hem-de hukuk goraýjy işgärleriň arasynda ösýän nägilelik barada aýdylýanlary tassyklady.
“Türkmen režiminiň alyp barýan syýasatyny oňlamaýan, pikirlerini dile getirýän adamlar diňe bir halk arasynda däl, eýsem döwlet emeldarlarynda, güýç edaralarynyň işgärleriniň içinde hem köpelýär, bu barada aýdylýanlar dogry. Bu, görnüşinden, syýasy doňakçylygyň jemgyýetçilik derejesinde kem-kemden eräp başlamagyna getirýär'' diýip, aşgabatly syýasy synçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России