Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25
26
27
28

Türkmen prezidentiniň aýal-gyzlara 8-nji mart sowgady tapgyr sekizinji ýyl 60 manat bolar

0

Türkmenistanda 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgadynyň möçberi tapgyr sekizinji ýyl 60 manada barabar bolar. Bu resmi kurs boýunça $17 we gara bazar nyrhynda $3-a deňdir. Bu barada 20-nji fewralda hökümet maslahatynda yglan edildi.

Resmi habara görä, 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2026-njy ýylyň 2-6-njy marty aralygynda ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada, kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda gol çeken buýrugynda ýurduň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň uly hyzmatlary bitirýändigi, olaryň watana wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri aýdyldy.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň hökümeti aýal-gyzlara her ýyl prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgatlarynyň maliýe çeşmesini aýdyňlaşdyrmaýar. Ýöne sowgat uly dabara bilen gowşurylýar we bu çäre adatça döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Bu wideo maglumatlarda dürli ýaşdaky aýallar prezidentiň sowgady üçin minnetdarlyk bildirip, ony maňlaýyna sylýar.

Şol bir wagtda, prezidentiň sowgady resmi taýdan işlemeýän aýallara, ýagny öý hojalykçy zenanlara ýa-da gyzlara, pensiýa almaýanlara we mekdebe, çagalar bagyna gatnamaýanlara berilmeýär.

Pul sowgadynyň möçberi öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken kararyna laýyklykda 60 manada köpeldilipdi. Şondan öň pul sowgadynyň möçberi 8 ýyllap 40 manat derejesinde saklanypdy.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России