Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25
26
27
28

Maryda alkogolly içgileriň bikanun söwdasyna garşy reýd geçirilýär, telekeçiler munuň ‘para almaga gönükdirilendigini’ aýdýar

0
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda polisiýa we Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri hususy eýeçilikdäki söwda nokatlaryna, şol sanda dükanlara reýd geçirýärler. Häkimiýet wekilleri munuň alkogolly önümleriň bikanun söwdasyna gönükdirilendigini aýdýarlar, ýöne telekeçileriň munuň özlerinden “para almagyň ýene bir usulydygyny” belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Etrapdaky söwda nokatlarynyň, dükanlaryň tas ählisine reýd geçirildi. Polisiýa we salgyt gullugynyň işgärleri dükan eýelerinden ilkibada spirtli içgileri satmaga rugsatnamasynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny soraýarlar we soňra-da barlag geçirýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Ýatlatsak, Türkmenistanda geçen ýylyň iýulynda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025–2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy. Resmi habarda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň tabşyrylandygy aýdyldy.
Munuň yz ýanynda, häkimiýetler ýurtda alkogolly önümleri satýan söwda nokatlarynyň işini çäklendirip başladylar, alkogolly içgileri we piwo satýan ýerleriň köpüsini ýapdylar we alkogol önümleriniň bahasy ýokarlandy. Şeýle-de, ýurtda lisenziýasy bolan uly dükanlaryň söwda düzgünleri üýtgedildi, satylýan alkogol önümlerinde ýörite belgileriň bolmagy talap edilip başlandy.
Habarçylarymyz bu çäklendirmelere garamazdan, spirtli içgileriň bikanun söwdasynyň dowam edýändigini, käbir dükanlarda bularyň aç-açan, käbirinde bolsa, gizlin satylýandygyny aýdyp gelýär.
"Olar ylalaşmaga çalyşýarlar"Häzirki wagtda polisiýa we salgyt gullugynyň işgärleri dükanlarda tapylan spirtli içgiler üçin telekeçilere uly möçberde jerime salynjakdygyny, harytlarynyň ellerinden alynjakdygyny duýdurýarlar.
Şol bir wagtda, telekeçileriň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar jerime ýazmaga we harytlary alyp gitmäge howlukmaýarlar. Muňa derek olar “ylalaşmaga” çalyşýarlar.
“Köp telekeçi bu harytlary alyp gitseler, bankrota düşjekdigini aýdyp, bu gezeklik geçirimlilik etmegi soraýar. Şondan soňra polisiýa we salgyt gullugynyň işgärleri dükan eýelerinden 1 müň manat para bermegi soraýarlar we ähli zada “göz ýumup gitjekdiklerini” aýdýarlar. Telekeçileriň käbiri muňa razy bolýar, onça pulunyň ýokdugyny aýdan telekeçilere bolsa, 400-500 manat berseler-de bolýandygyny aýdýarlar” diýip, ýerli ýene bir telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, polisiýa we salgyt gullugynyň wekilleri köp dükanyň golaýynda gizlenip hem durýarlar we olardan alkogolly içgi satyn alyp barýan ýaşaýjylary saklaýarlar.
“Olar spirtli içgini haýsy dükandan satyn alandyklary barada düşündiriş ýazmaga mejbur edilýärler. Soňra ýaşaýjynyň spirtli içgi alandygy baradaky düşündirişini dükan eýesine görkezýärler” diýip, telekeçi belledi.
Şol bir wagtda, telekeçiler bu reýdleriň spirtli içgileriň bikanun söwdasyny edýän dükanlaryň ählisinde geçirilmeýändigini, “arkasynda ýokary derejeli döwlet emeldary bolan dükanlaryň” alkogolly içgileriň söwdasyny aç-açan dowam etdirýändigini hem aýdýarlar.
“Para almaga gönükdirilen”Bu maglumaty ýerli polisiýadaky bir çeşmämiz hem tassyklap, reýdleri geçirýän häkimiýet wekillerinde bu dükanlaryň sanawynyň bardygyny aýtdy.
“Bu dükanlaryň gapysyndan hem barylmaýar. Sebäbi olaryň eýeleriniň arkasynda ýerli emeldarlar bolup, olardan hiç hili “düşewünt” bolmaýar” diýip, çeşmämiz häzirki reýdleriň spirtli içgileriň bikanun satuwynyň öňüni almaga däl-de, esasan telekeçilerden “para almaga gönükdirilendigini” belleýär.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda ýerli polisiýa bölüminden we salgyt gullugyndan telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri hem, bu reýdler barada gürrüň gozgap, ilat köpçüligine maglumat bermeýärler.
Türkmenistanyň hökümeti alkogol önümleri boýunça import-eksport maglumatlaryny, şeýle-de alkogolly önümleriň harçlanyşy boýunça sanlary, alkogola ýolugan adamlaryň näçesiniň hasaba alnandygyny hem äşgär etmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России