Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27
28

Sürgündäki kürt toparlary, Eýranyň gowşak ýagdaýyndan peýdalanmak üçin, täze bileleşik döredýär

0

Eýrana oppozisiýa bolan sürgündäki kürt toparlary Yslam respublikasyny agdarmak maksady bilen täze koalisiýa döredendiklerini yglan etdiler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu ädim sebitdäki syýasy ýagdaýda möhüm üýtgeşmäni aňladýar.

22-nji fewralda döredilen bu bileleşik Eýranyň ruhany ýolbaşçylygynyň soňky birnäçe onýyllykda iň gowşak ýagdaýynda duran döwrüne gabat geldi. Soňky ýyllaryň iň uly garşylyk çykyşlaryndan aman galanyndan birnäçe hepde soň, häkimiýetler ABŞ-nyň mümkin bolan harby çärelerine taýýarlyk görýär.

Bilermenleriň pikiriçe, Yragyň ýarym-özbaşdak Kürdistan sebitinde ýerleşýän we birnäçe ýyl bäri Tährana garşy pes derejeli gozgalaň alyp barýan bäş eýranly-kürt oppozisiýa topary Yslam respublikasynyň häzirki gowşak ýagdaýyndan peýdalanmak isleýär.

“Kürt toparlary dürli mümkinçiliklere taýýarlyk görýär” diýip, kürt meseleleri boýunça ýöriteleşen syýasy seljeriji Wladimir wan Wilgenburg Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, toparlar “ABŞ-nyň hüjümi bolar” diýen pikirde.

Kürtler Eýranyň takmynan 90 million ilatynyň 10 göterimine golaýyny emele getirýär we esasan ýurduň günbatarynda, Yrak bilen serhediň ugrunda ýaşaýarlar. Eýran köpden bäri ýurduň etniki azlyklaryna, şol sanda kürtlere garşy basyş we kemsitme syýasatyny alyp barýar diýip tankyt edilýär.

Kürt agzybirligini berkitmekTäze koalisiýa şul toparlary öz içine alýar: Kürdistan Azatlyk Partiýasy (PAK), Eýran Kürdistany Demokratik Partiýasy (PDKI), Kürdistanyň Azat Durmuş Partiýasy (PJAK), Eýran Kürdistany Göreş Guramasy (Khabat) hem-de Kürdistanyň Zähmetkeşleriniň Komalasy.

Bu toparlaryň köpüsi öň ýaraglydy. Olaryň käbiri Eýranyň düzüminde özbaşdaklyk talap eden bolsa, beýlekileri Yslam respublikasyndan bölünip çykmak üçin göreşipdir.

“Eýran Kürdistanyndaky Syýasy Güýçleriň Koalisiýasy” diýlip atlandyrylan bu bileleşigiň esasy maksatlary Yslam respublikasyny agdarmak we kürtler üçin öz ykbalyny kesgitlemek hukugyny gazanmakdyr diýip, bilelikdäki beýanatda aýdylýar.

Koalisiýa Eýranda hökümete garşy geçirilýän protestlere berk goldaw bildirdi. Olar kürt partiýalary bilen raýat jemgyýeti hem-de ýurduň beýleki oppozisiýa toparlarynyň arasynda “utgaşdyrylan, bilelikdäki syýasy we ýerindäki tagallalaryň” zerurdygyny nygtady.

PDKI-niň ýolbaşçysy Mostafa Hejri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Farda gullugyna beren interwýusynda bäş toparyň aralaryndaky tapawutlary “bir gapdala goýup”, bileleşmek üçin takmynan sekiz aý gepleşik geçirendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bileleşigi döretmegiň esasy sebäpleriniň biri eger Yslam respublikasy ýykylsa, geçiş döwründe Eýran Kürdistanyny dolandyrmak üçin “bilelikdäki meýilnama eýe bolmakdyr”.

Eýran Kürdistanyna ilatynyň köpüsi kürt bolan Kürdistan, Ilam, Kermanshah welaýatlary we Günbatar Azerbaýjanyň käbir bölekleri girýär.

Täze merkezi hökümet döredilenden soň, Hejriniň aýtmagyna görä, “Kürdistan dolandyryş edaralary halkyň erkin ses bermegi arkaly saýlanar we sebiti dolandyrmagy öz üstüne alar”.

Ideologik bölünişiklerTäze syýasy bileleşigiň agzalarynyň arasynda ideologik tapawutlaryň bolmagy we dürli sebit hyzmatdaşlyklary sebäpli koalisiýa döredilmegine garamazdan, möhüm kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýip, wan Wilgenburg aýtdy.

Mysal üçin, PJAK-nyň Türkiýede ýerleşýän Kürdistan Işçi Partiýasy (PKK) bilen baglanyşygy Ankaranyň garşy çykyş etmegine we koalisiýanyň bitewiligine täsir etmegine sebäp bolup biler.

Koalisiýa birnäçe täsirli kürt syýasatçylaryny hem öz içine almaýar. Şolaryň arasynda Abdullah Mohtadiniň ýolbaşçylyk edýän Eýran Kürdistany Komala Partiýasy hem bar, ol bileleşige goşulmazlygy saýlady.

Mohtadi X ulgamynda paýlaşan ýazgysynda koalisiýany “anyk ýol kartasynyň” we “ýerine ýetiriji mehanizmleriniň” ýoklugy üçin tankytlap, onuň düzgünleriniň örän umumy we dürli düşündirişlere açykdygyny aýtdy.

Tankytlaryna garamazdan, Mohtadi öz partiýasynyň koalisiýa garşy çykmajakdygyny we geljekde hyzmatdaşlyga açyk boljakdygyny aýtdy.

Hejri bolsa bileleşigiň Mohtadiniň partiýasyny kabul etmäge taýýardygyny we “beýleki eýranly syýasy guramalar we oppozisiýa toparlar bilen gepleşiklere başlap, mümkin bolsa giň, bitewi maksatnama döretmegi” maksat edinýändigini aýtdy.

Yrak Kürdistanynyň ädimini yza çekmegiTäze bileleşigiň yglan edilmegi Yragyň Kürdistan Sebit Hökümetiniň (KRG) tarapyndan berk jogap bilen garşylandy.

Eýran bilen serhetara dartgynlygyndan gaça durmak isleýän KRG-niň Içeri işler ministrligi duýduryş berdi. Ol Kürdistan sebitiniň öz ýerleriniň “goňşy ýurtlara garşy” ulanylmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Eýran Yrak Kürdistanyndaky sürgündäki kürt toparlaryna garşy harby zarbalar geçirdi. 2023-nji ýylda Eýran bilen Yrak howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşdylar. Onuň netijesinde Bagdad oppozisiýa kürt toparlaryny Eýran serhedinden uzaklaşdyrypdy.

Wan Wilgenburgyň sözlerine görä, Yrak kürt ýolbaşçylary “özleriniň bu bileleşik bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny görkezmek isleýär”.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России