Şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan 187 million kub metr tebigy gazy import etdi diýip, türkmen metbugaty azeri metbugatyna salgylanyp habar berýär.
“Trend” agentliginiň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, satyn alnan türkmen gazynyň jemi bahasy $28 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Habarda bellenmegine görä, Azerbaýjan ýylyň birinji ýarymynda halkara bazarlaryndan 208,2 million kub metr gaz satyn aldy. Bu gazyň umumy bahasy $32 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Читать дальше...