Çeçenistana baran derňewçi žurnalist we aklawçy gazaply urlup-ýenjildi
“Nowaya Gazetanyň” baýraga mynasyp bolan derňewçi žurnalisti we aklawçy Çeçenistana baran wagtynda ýaragly adamlar tarapyndan erbet urlup-ýenjildi diýip, “Adam gynamalaryna garşy topar” atly hukuk topary 4-nji iýulda habar berdi. Žurnalist Ýelena Milaşina we aklawçy Aleksandr Nemow häzir Groznydaky hassahanada saklanylýar. Olar bedenlerine düşen bir topar ýaradan ejir çekýär diýip, hukuk topary aýtdy. “Milaşinanyň barmaklary döwlen we ol wagtal-wagtal huşuny ýitirýär. Onuň bedeni durşuna gök-dalak bolupdyr” diýip... Читать дальше...