Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 15.08.2023

Diňle: Yssy howada asfalt eräp, ýollar ulag ‘sürülmez hala gelýär’

Azathabar.com 

Türkmenistanda aşa yssy howa sebäpli iri şäherleriň, şol sanda welaýat merkezleriniň käbir gara ýollary eräp, ulagy tas sürüp bolmaýan hala geldi. Ýerli hünärmenler bu ýagdaýlaryň, howa şertleri bilen birlikde, ýollaryň gurluşygyna gerekli serişdeleriň ýeterlik goýberilmeýändigi bilen hem baglydygyny aýdýarlar. Lebapdaky habarçymyz welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherindäki ýollaryň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi.

Diňle: Okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýetginjekler bazarlarda üzärlik tütedip gazanç edýärler

Azathabar.com 

Bazarda aýlanyp ýören dürli ýaşdaky çagalary ýurduň hemme ýerinde görüp bolýar. Tomus aýynyň ahyrynda olaryň sany hasam köpelýär. Soňky günlerde bolsa, Türkmenabadyň bazarlarynda täze bir ýagdaý peýda boldy - ýetginjekler köpçülikleýin üzärlik tütedýärler. Ýetginjekler bazaryň ähli ýelerinde aýlanyp, gurak oty tusseledýärler. Azatlygyň ýerli habarçysy çagalaryň edýän bu işi bilen gyzyklandy.



Mary welaýatynyň bir geňeşliginde ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sarygarynja basýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginde köp sanly hojalyklaryň howly jaýlaryny sary garynja basýar. Ýerli ýaşaýjylar garynja howpuna garşy özleriniň çäresiz, häkimiýetlerden edýän ýardam haýyşlarynyň bolsa, jogapsyz galýandygyny aýdýarlar. “Öten agşam çagalar bilen howly jaýymyzdaky otaglaryň birinde agşamlyk edinip otyrkak, birdenkä agaç polumyz döwlüp, aşak çökdi. Meniň polluk agajym galyň, döwülmeli agaç däl. Nädip beýle bolandygyna düşünmek üçin, ýerzemine düşüp, barlap görsem, polumyň aşak ýüzi palçyk bilen suwalypdyr. Читать дальше...

Aşgabadyň awtoulag ýuwýan kärhanasynda adam heläkçiligi boldy

Azathabar.com 

Paýtagtyň awtoulag ýuwulýan kärhanalarynyň biriniň işgäri elektrik togundan heläk boldy. Pajygaly ýagdaý 30-njy mikroraýonda ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýyň jikme-jikliklerini anyklady.     Bu betbagtçylyk 4-nji awgustda awtoulag ýuwýan kärhananyň işgäriniň müşderiniň transport serişdesini arassalan pursatynda ýüze çykdy. Habarçynyň sözlerine görä, ýigrimi iki ýaşly adam agyr azapda ölüpdir. "Ol ýene bir maşyny ýuwup gutardy we onuň tigirlerini gaýtadan has gowurak süpürmek üçin aýakýalaňaç boksa girdi. Читать дальше...

Diňle: Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda onkologiýa kesellerini bejerýän hassahanalardaky hyzmatlaryň hili köp raýaty kanagatlandyrmaýar. Olardaky enjamlar kadaly işlemeýär. Dermanlar we medisina serişdeleri ýetmezçilik edýär. Bu ýagdaýlar barada näsaglaryň we olaryň hossarlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Diňle: Türkmenistandan çykmak kynlaşýar: Kepil bolmaly adamyň bankda karzy bolmaly däl

Azathabar.com 

Türkmenistandan daşary ýurtlara, esasan hem Türkiýä gitmek üçin wiza almak isleýän raýatlar ýene-de goşmaça çäklendiriji talaplar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Dilden mälim edilýän täze düzgüne laýyklykda, indi daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil bolmaly döwlet işgäriniň bankda karzy bolmaly däl. Habarçylarymyz agyr ykdysady krizisiň arasynda bankdan karz almadyk býujet işgärleriniň juda azdygyna ünsi çekýärler.



Haj zyýaratynda aradan çykan türkmenistanlynyň jesedi Saud Arabystanynda galdy

Azathabar.com 

Şu ýyl 2300 töweregi türkmenistanly mukaddes Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etdi. Ybadat mahaly aradan çykan bir türkmen zyýaratçysynyň jesedi Saud Arabystanynda galdyryldy. “Mary welaýatyndan bolan bir ýaşaýjy haj parzyny berjaý edýän mahaly, Şeýtan daşlama çäresinde dyknyşyk zerarly aradan çykypdyr. Onuň jesedi Saud Arabystanynda galdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky çeşmesi habar berdi. Türkmenistanly zyýaratçylar mukaddes Mekge şäherine ugramazdan ozal, saglyk barlagyndan... Читать дальше...

Diňle: Balkanda prezidentiň ejesiniň we enesiniň propagandasy ýaýbaňlanýar

Azathabar.com 

Balkanyň häkimiýetleri Balkanabat şäherinde köpçülikleýin çäreleriň ýene birini geçirmäge taýýarlanýar. Taýýarlyklara zenan býujet we sungat işgärleri mejbury gatnaşdyrylyp, çärede prezidentiň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we enesi Ogulabat ejäniň propagandasyny etmäge taýýarlyk görülýär.

Gyrgyzystanda ýaýran gyzamykdan iki çaga heläk boldy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda gyzamyk keseliniň ýaýramagy netijesinde soňky alty aýyň içinde 3 we 1 ýaşly iki çaga öldi diýip, resmiler 14-nji awgustda aýtdylar. Iki ölüm hem çagalaryň ene-atalarynyň dini ynançlar esasynda sanjymlardan ýüz öwürmegi bilen bagly boldy diýip, resmiler aýtdy. Saglygy goraýyş ministrligi şu ýyl bu kesel bilen kesellän çagalaryň jemi 1,704 sanysynyň tassyklanandygyny habar berdi. Gyzymyk bilen keselleýänleriň sanynyň sebitiň beýleki ýurtlarynda hem köpelýändigi aýdylýar. Russiýada 5000-den gowrak... Читать дальше...

Berdimuhamedow BMG-niň başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, duşuşygyň dowamynda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow... Читать дальше...

Türkmenistan Hazardaky ekologiýa aladalaryny bölekleýin boýun alýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Hazar deňzi - parahatçylyk we dostluk deňzi” maslahatynda eden çykyşynda Hazar deňzi bilen bagly aladalary bölekleýin boýun aldy. Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan synçylar we tebigaty goraýjy aktiwistler Türkmenistandaky daşky gurşaw meselelerine, şol sanda pagtaçylykda suwuň bisarpa ulanylmagyna, ýerleriň şorladylmagyna öňden bäri ünsi çekip gelýärler. Resmi Aşgabat bu meseleleri açyk-aýdyň tassyklamaýar. Türkmen... Читать дальше...

Gazagystan garagalpak aktiwistleriniň gaçybatalga haýyşyny ret etdi

Azathabar.com 

Gazak häkimiýetleri Özbegistana ekstradisiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýan garagalpak aktiwistlerine gaçybatalga bermekden ýüz öwürdiler. Aktiwistleriň tarapdarlary bu iki adamyň geçen ýyl Özbegistanyň Garagalpak awtonom respublikasynda bolan köpçülikleýin protestler bilen baglylykda, syýasy sebäpler esasynda kazyýet jogapkärçiligine çekiljekdigini we gynamalara sezewar ediljekdigini aýdýarlar. Gazagystanda ýaşaýan garagalpak aktiwisti Akylbek Muratbaý 14-nji awgustda ozal twitter diýip bilinýän... Читать дальше...

Resmiler: Dagystanyň ýangyç stansiýasynda ölenleriň sany 35-e ýetdi

Azathabar.com 

Russiýanyň Dagystan sebitiniň Mahaçkala şäherindäki benzin stansiýasynda bolan güýçli partlamada azyndan 35 adam öldi. Dagystanyň Saglygy goraýyş ministrligi partlamada ölenleriň arasynda azyndan üç çaganyň hem bardygyny, azyndan 80 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. 14-nji awgustda bolan partlamanyň sebäbi derňelýär. Şaýatlaryň wideosyndan görnüşine görä, ýangyç guýulýan stansiýada bolan güýçli partlamadan öň ýangyn döräpdir.



Москва

Тема дня: На «Госуслугах» можно будет получить статус многодетной семьи с 2025 года


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин: Развиваем систему здравоохранения



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Виктор Цой

У могил Горшка и Виктора Цоя на Богословском кладбище появилась защита от вандалов




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

РОСГВАРДИЯ ОБЕСПЕЧИЛА ПРАВОПОРЯДОК ВО ВРЕМЯ ФУТБОЛЬНОГО МАТЧА «ЦСКА» - «СПАРТАК» В МОСКВЕ

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия


WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России