Manadyň manysyny gaçyran, halk halyny harap eden 'syýasat'
Türkmen manady 30 ýaşady. Häkimiýetler onuň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegine şert döredendigini aýdyp, işleýän adamlaryň, şol sanda kärhanalaryň ýagdaýyny kynlaşdyrýan 'iki kurs' praktikasyny dowam etdirýärler. Synçylar manadyň çökmeginiň ýurtda giň ýaýran işsizligiň we jenaýatçylygyň, kärhanalaryň we ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmeginiň, adamlaryň barha kän daşary ýurtlara gitmäge ýykgyn etmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolandygyny öňe sürýärler. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçylar... Читать дальше...