Belarus hökümdary: “Wagneriň” başlygy Prigožin Russiýada
Belarusyň hökümdary Aeaksandr Lukaşenka hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožiniň nökerleriniň Belarusdaky düşelgelerinde bolýandygyny, emma onuň özüniň Belarusda gysga wagt bolanyndan soň yzyna dolanandygyny, ýagny Russiýa gidendigini aýtdy.
Bu habary Belarusyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy BelTA çap etdi.
"Maňa habar berilmegine görä", “Wagner” söweşijileri öz hemişelik lagerlerinde galýar” diýip, BelTA Belarus hökümdarynyň 6-njy iýulda aýdan sözlerine salgylandy.
"Ýewgeniý Prigožin Sankt-Peterburgda" diýip, Lukaşenka aýtdy.