Metbugat: Türkmenistana goýlan daşary ýurt maýalarynyň mukdary $936 million boldy
2022-nji ýylda Türkmenistana goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň (GDÝMG) mukdary 936 million dollar boldy diýip, türkmen metbugaty BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) hasabatyna salgylanyphabar berýär.
Habarda tassyklanylmagyna görä, Türkmenistan ýurda goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdary boýunça Merkezi Aziýa sebitinde 3-nji ýerde durýar.
Hasabat sebitdäki ýurtlara gönükdirilen arassa maýa goýumlarynyň 39% ýokarlanandygyny belleýär.
Türkmenistana goýlan göni daşary ýurt maýalarynyň esasy böleginiň ýurduň ýangyç-energetika, himiýa senagaty we oba hojalygy pudaklaryna düşýändigi aýdylýar.
Ýurtdaky korrupsiýa ýagdaýy bilen baglylykda, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanyp bilmedi. Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurt ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek tagallalaryny dowam etdirýärler.
maglumat üçin aýdylsa, “Transparency International” guramasynyň 2022-nji ýyldaky Korrupsiýa indeksine (CPI) laýyklykda, Türkmenistan Ýewraziýa sebitinde iň pes baha alan (19) üç ýurduň biri boldy.