Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2023

Daşoguz-Lebap ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy

0

Türkmenistanda pajygaly ýol hadysalarynyň ýene biri boldy. Daşoguz-Lebap awtomagistralynyň ugrunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 13-nji iýulda Daşoguz welaýatyndan maglumat berdiler.

Waka 10-njy iýulda irden sagat 9:30 töwereginde awtomagistralyň Görogly etrabyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň Buzgömen obasyny kesip geçýän ýerinde boldy.

“Şol güni irden bu obadaky bir maşgalanyň agzasy gelniniň çaga dogurmaly wagty gelende, Tiz kömege jaň edýär, ýöne gulluk oba baryp bilmeýändigini aýdýar. Soňra maşgala hususy ulagynda kireý edýän goňşusynyň ulagynda Görogly etrap hassahanasyna barýan mahaly, sürüji özlerini saklamaga çalşan ýol polisiýasyna ulagda göwreli aýalyň bardygyny yşarat edip, howsala çyralaryny ýakýar we durman dowam edýär” diýip, ýagdaýdan habarly polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Soňra ýol polisiýasy ulagyň yzyndan kowmaga başlaýar. Kireý edýän sürüji ulagyň ýangyç guýulýan bakyny gara ýoluň hatardan çykyp, döwlüp duran asfalt bölegine degirýär we ulagdan benzin syzyp başlaýar. Netijede, ýanyp başlan ulag partlaýar.

“Pajygaly wakada başga ulaglara hiç bir zeper ýetmedi. Ýöne ulagdaky dokuz aýlyk göwreli aýal we onuň maşgalasynyň başga-da üç agzasy, şeýle-de ulag sürüjisi heläk boldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlykda heläk bolanlaryň şahsyýetlerini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Waka boýunça ýol polisiýasyna garşy jenaýat işi gozgaldy we ol kazyýet diňlenşigine çenli, ätiýaçlyk şerti bilen, tussaglykda saklanmaly edildi.

Heläkçilikden soň, ýaşaýjylaryň ençemesi Tiz kömek ulaglarynyň oba ýerlerine barmazlygyna nägilelik bildirdi.

“Olar ‘Tiz kömek ulaglary obalara gelýän bolsa, belki bu hadysa bolmazdy’ diýdiler” diýip, habarçymyz ýerli saglyk işgärlerine salgylanyp, etrapda diňe iki Tiz kömek ulagynyň bardygyny hem aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistanda Tiz kömek gullugynyň oba ýerlerine barmaýandygy, etraplarda we şäherlerde hem olaryň wagtly-wagtynda gelmän, gijä galýandygy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Azatlyk waka boýunça Görogly etrap polisiýasyndan, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginden we Tiz kömek gullugyndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 13-nji iýulda yzygiderli eden synanyşyklary netijesiz boldy.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýol hadysalary ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde 10-a golaý ýol hadysasynyň bolandygyny we bularda 30-dan gowrak adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralary ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol hadysalary barada halka hasabat bermeýärler. Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Брановицкий

Кабинет Артиста – подключение и настройка на различных музыкальных стримингах.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места


WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


News Every Day

Seven reasons Sporting are champions of Portugal



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России