Diňle: Welaýat ýaşaýjylary Arkadagdan jaý satyn alyp bilmeýär, jaýa isleg bildirýänler yzarlanýar
Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan satyn alyp bilmeýärler. Häkimiýet wekilleri welaýat ýaşaýjylaryna bu jaýlardan diňe Ahal welaýatynda ýa-da Aşgabatda ýazgyda duran raýatlaryň satyn alyp bilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, bu jaýlardan satyn almaga isleg bildirýän welaýat ýaşaýjylary ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan yzarlanýar. Türkmenistanlylaryň ençemesi muny “aç-açan diskriminasiýa” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky ynamdar çeşmeleri habar berýärler.