Astrahanda gapma-garşylykly rus hökümdary Iwan Groznynyň heýkeli açyldy
Astrahan şäheriniň kremlçi aktiwistleri rus şasy Iwan Groznynyň hususy ýerde dikilen heýkelini açdylar. Şäher häkimligi onuň heýkeliniň jemgyýetçilik ýerinde oturdylmagyna rugsat bermedi.
Bu heýkeli dikmek pikiri weteran guramalaryň utgaşdyryş geňeşi tarapyndan bir ýyldan gowrak ozal öňe sürüldi. Emma bu ideýa taryhda zalymlygy bilen yz galdyran hökümdaryň dolandyryşyna terrorçylyk hökmünde garaýan ýerli ýaşaýjylaryň resmileriň arasynda nägilelik döretdi.
Gazaply lakamy bilen tanalan Iwan Grozny häzir Russiýanyň bir bölegine öwrülen Astrahan hanlygyny 1556-njy ýylda, Kazan hanlygyny basyp alanyndan dört ýyl soň basyp aldy.