Gyrgyz prezidenti resmileriň gyrgyça gürlemegini talap edýän kanuny goldaýar
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow wezipeli adamlaryň ählisini, resmi maksatlar üçin, gyrgyz dilinde gürlemäge borçly edýän kanun taslamasyna gol çekdi.
Ýurduň kanun çykaryjylarynyň maý aýynda tassyklan kanun taslamasyna laýyklykda, gyrgyz dili indi döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kompaniýalaryň, kärhanalaryň we eýeçiligiň islendik görnüşindäki guramalaryň ähli resmisi tarapyndan ulanmaly edildi.
Şeýle-de, bu kanun teleýaýlymlary we radio ýaýlymlaryny öz gepleşikleriniň azyndan 60 prosentini gyrgyz dilinde taýýarlamaga borçly edýär.
Gyrgyz dili türki diller toparyna degişli bolup, Gyrgyzystanyň döwlet dili diýlip yglan edil. Şol bir wagtda, rus diliniň Gyrgyzystandaky resmi dil durumy saklanyp galýar.