Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2023

Göroglyda un üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy

0
Göroglyda un üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan uny almagyň üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy. Waka bilen bagly dükan satyjysy tussag edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 18-nji iýulda sebitden maglumat berdiler.

Waka 14-nji iýulda etrabyň Ýagtylyk daýhan birleşigindäki (öňki Leningrad obasy) 19-njy dükanyň öňünde boldy. Şonda un almagyň üstünde dörän ýakalaşykda 45 ýaşlaryndaky aýal dükanyň basgançaklaryndan ýykylyp, jan berdi.

“Anna güni Göroglyda üç aý bäri un paýogunyň paýlanmagyna garaşýan 300-den gowrak adam dükanyň öňüne üýşdi. Adamlar dükanyň öňünde kölege tapman, Günüň aşagynda durup, öýlän sagat 4-e çenli un paýlarynyň berilmegine garaşdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Dükan işgäri sagat 4-de gelen unuň möçberiniň azdygyny aýtdy. Şondan soňra adamlar dükanyň gapysynyň öňüne ylgadylar.

Kagyza ýazylan nobatlar goýbolsun edilip, adamlar alan-alanyňky etdiler. Netijede, oba adamlarynyň arasynda dörän dawa-jenjel ilki ýakalaşma, soňra-da ýumruklaşma baryp ýetdi.

“Şonda alty çaganyň ejesi paýok gurbany boldy. Ýakalaşmanyň netijesinde bolan itekleşmede ol dükan basgançagyndan ýykylýar we kellesi basgançagyň gyrasyna güýçli baryp degýär. Ol agyr trawma alyp, wakanyň bolan ýerinde jan berýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlykda aýalyň ady barada maglumat bolsa-da, ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Waka bilen bagly etrabyň jenaýat agtaryş bölümi derňew işini geçirip başlady we dükan satyjysy tussag edildi.

“Adamlar dükanlara dyzap girmäge çalyşýan mahaly, dükan satyjysynyň olary itip goýberendigi we merhumyň aýagynyň taýyp, basgançakdan ýykylandygy barada maglumat bar. Dükanyň wideokameralary hem barlanýar. Nobatdaky adamlaryň ählisi hem etrap polisiýada soraga çekilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Görogly etrap polisiýasyndan, söwda bölüminden we etrap hassahanasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Bu waka, ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň gytçylygynyň dowam edýän we ykdysady kynçylyklaryň arasynda, barha köp maşgalanyň bu önümlere garaşly bolup galýan mahalyna gabat geldi.

Soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilata aýda bir gezek 5 kilogramdan paýlanmaly un ençeme aýlap paýlanmaýar ýa-da alty-ýedi aý soň paýlanýar. Käbir dükanlarda raýatlara bäş kilogram una derek diňe bir kilogram un berilýär.

Mundan başga-da, ilata bazar nyrhyndan gymmat satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almadyk raýatlara un paýlary berilmeýär.

Şeýle-de, dükanlarda ilata her gün paýlanmaly çörek-de tapdyrmaýar. Uzyn nobatlarda garaşýan adamlar ýeterlik mukdarda çörek satyn alyp bilmeýärler.

Bu ýagdaýlar, käte alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjeliň döremegine, käte-de onuň urşa ýazmagyna hem sebäp bolýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigini tas her ýyl gaýtalaýarlar. Ýöne olar unuň we çöregiň ýyllarboýy saklanyp galýan gytçylygy we onuň ilat arasyndaky netijelerini agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: внимание Путина к Москве дорогого стоит





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Сотрудники библиотеки №12 им. А.К. Толстого Брянска провели музыкально-литературный вечер к 100-летию со дня рождения поэта Булата Окуджавы




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


Андрей Рублёв

«Титул, которым я горжусь больше всего»: Рублёв одолел Оже-Альяссима и выиграл второй турнир серии «Мастерс» в карьере



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Никол Пашинян наговорил перед разговором // Премьер-министр Армении и президент России обсудят двусторонние разногласия



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России