Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2023

Daşoguz we Lebap sebitleri iki welaýatyň arasyndaky transport kynçylyklary zerarly aýraçylyk çekýär

0

Öňler, tä 1990-njy ýyllaryň ahyrlaryna çenli Daşoguzdan otly bilen Türkmenabada (öňki Çärjew şäherine) göni syýahat edip bolardy diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Häzirki wagtda ýolagçylar demir ýol arkaly Daşoguzdan Türkmenabada, ýa-da Türkmenabatdan Daşoguza gitmek üçin, ilki bilen Aşgabada barmaly, ondan soň otly çalşyp, birek-biregiňkä gitmeli bolýarlar.

Iki sebitiň arasynda kadaly gara ýol ýok, awtoulaglar sebitleriň arasyndaky çukanak-sakanak, emel edilen ýollarda töwekgelçilik bilen iki welaýatyň arasynda gatnaýarlar. Galyberse-de, Türkmenabat – Daşoguz we Kerki – Daşoguz aralygyndaky howa gatnawlary hepdede bir gezek amala aşyrylýar we ýerli ýaşaýjylar bu ugurlar boýunça biletleriň derrew satylyp gutarýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy demir ýol, gara ýol we howa ýollary arkaly iki sebitiň arasyndaky gidim-gelimiň ýagdaýy barada birnäçe sebit ýaşaýjysy bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Daşoguz welaýaty ýurduň demirgazygynda Lebap welaýaty ýurduň iň gündogar çetinde ýerleşýär.

Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlary, şeýle-de Aşgabat şäheri bir ugurda ýerleşýär, sebitleriň ýerleşýän ýerleri olaryň arasynda bitewi transport ulgamyny döretmäge ýardam berýär. Türkmenabatdan otla münen ýolagçy Mary welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň üstünden geçip, göni Türkmenbaşy şäherine baryp bilýär. Ýöne demirgazyk welaýat bilen günbatar we gündogar sebitleriň arasynda transport ulgamlarynyň ornaşdyrylmazlygy sebitleriň arasyndaky gatnawy kynlaşdyrýar.

“Öňler Krasnawodskdan (häzirki Türkmenbaşy şäheri) Daşoguz şäherine Çärjewiň (häzirki Türkmenabat) üsti bilen otly gatnaýardy. Otly gije sagat 23:00-da Türkmenabada gelerdi, irden 8:00-a çenli Daşoguza barardy. Häzir birek-birege barjak bolsaň Aşgabadyň üsti bilen geçmeli, Ilki Türkmenabat-Aşgabat, soňra Aşgabat-Daşoguz otlusyna münmeli. Bu üç esse gymmat bolýar, üstesine ýol üç güne çekýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň arasynda sowetler döwründe ýola goýlan otly gatnawy Özbegistanyň çäginden geçýärdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lebaply ýaşaýjylar öňki Krasnawodsk – Daşoguz otlusynyň 1998-nji ýyla çenli dowam edendigini gürrüň berýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ulag-üstaşyr ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, ýurduň halkara ulag geçelgelerinde möhüm pozisiýa eýeleýändigini aýdýar.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň arasynda sözüň doly manysynda kadaly gara ýol ýok, bar diýilýän ýol “sowetler döwründe nebitçileriň agyr tehnikalaryny geçirmek üçin wagtlaýyn çekilen ýol” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýdýar.

Iki sebitiň arasynda gatnaýan awtoulaglar Lebap welaýatynyň Gazojak şäheri bilen Daşoguz welaýatynyň arasynda gumly ýoldan sürmeli bolýarlar. Ýerli ýaşaýjylar gumdan çekilen awtoulag ýolunyň sürüjileriň we ýolagçylaryň janlaryna howp abandyrýandygyny, adamlaryň uly töwekgelçilik bilen ýol geçmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ýöne gumly ýola garamazdan, Lebap – Daşoguz aralygynda hususy taksi awtoulaglary gatnaýar.

“Ýolagçy başyna 500-600 manat alýarlar. Ýöne taksiler howply, ýol 10 sagada çekýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Üstesine, mundan ozal Daşoguz – Lebap aralygyny awtoulagda geçen adamlar ýoluň ugrunda hiç hili garbanyşhanalaryň ýa-da awtoulaglara hyzmat ediş nokatlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Awtoulag sürüjileri Gazojak – Daşoguz aralygyndaky 300 kilometr töweregi uzynlygy bolan gumly ýoly uly töwekgelçilik bilen aşýandyklaryny aýdýarlar.

Gazojakdan Daşoguza barýan awtoulag sürüjileri we ýolagçylar köplenç Gazojakdaky bir garbanyşhanada düşleýärler. “Şondan soň, ýolagçylar Allajan sag aman baraly diýip, ýola düşýärler. Bu ýoluň ugrunda şu wagta çenli bir topar ýol-ulag hadysasy, heläkçilik boldy. Ýogalan adamlaryň sanyny hiç kim aýdyp bilmeýär. Ýoluň ugrunda ne wulkanizasiýa bar, ne başga zat, hatda ibaly aragatnaşyk hem ýok, telefonlarda diňe Özbegistanyň mobil operatorlary çekýär, sebäbi ýol Özbegistanyň Horezm welaýatynyň deňinden geçýär” diýip, lebaply ýolagçy aýtdy.

Daşoguz şäheri bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň, şeýle-de Kerki şäheriniň arasynda hepdede bir gezek howa gatnawlary ýola goýlupdyr. Ýöne lebaply ýaşaýjylar uçar petekleriniň tiz wagtda satylyp gutarýandygyny, 15 gün öňünden uçar biletleriniň tamam bolýandygyny aýdýarlar.

Habarçymyzyň gürrüňdeşleri gündogar sebitden bolan ýaşaýjylaryň Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän gadymy ýerlere, taryhy galalara, galyberse-de ilat arasyndaky 360 pirler atlandyrylýan zyýarathanalara barmaga isleg bildirýän adamlaryň köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

Одна из целей неофашистского Азербайджана - уничтожение Христианства


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Джиган будет продавать пиво и энергетики




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Как сэкономить на ставке. «Выберу.ру» составил рейтинг ипотек на вторичку за апрель 2024 года



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России