Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2023

Aşgabatdaky käbir täze gymmat desgalarda jaýryk emele geldi

0
Aşgabatdaky käbir täze gymmat desgalarda jaýryk emele geldi

Aşgabatdaky birnäçe uly binada çatryklar peýda boldy. “Turkmen.news” täze gurlan "Aşgabat" atly söwda we güýmenje merkeziniň we oňa ýanaşyk jaýlaryň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumyna degişli binalardaky ýagdaý barada habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, "Aşgabat" söwda merkezi diýlip atlandyrylýan söwda we güýmenje merkeziniň binalarynda, şeýle-de biznes merkezinde we ýaşaýyş jaýynda çatryklar peýda bolup, toplumyň golaýyndaky ýol çöküpdir. “Turkmen.news” -yň habaryna görä, potratçy bolan "Beýik Bina" kärhanasy kemçilikleri gyssagly aýyrmaga synanyşýar. Ýoldaky jaýryklaryň üsti örtülýär, binalarda çat açan ýerler plita bilen ýapylýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylarynyň pes hilli gurluşyň kemçiliklerine garşy özbaşdak göreşýärler, emma edýän synanyşyklary öňyn netije bermeýär.

"Ýerzemindäki gapylar ýapylmaýar ýa-da açylmaýar. Ol gapylary eýýäm birnäçe gezek gaýtadan bejerdiler. Kwartiralarda her ýyl jaýryklar peýda bolýar, ýaşaýjylar öz hasabyna olary bejerýärler we gaýtadan dogurlap reňkleýärler. Köpler eýýäm bu jaýlarda kwartira satyn alandyklaryna ökünýärler we olardan dynmaga synanyşýarlar. Emma ipoteka bilen satyn alnan bu kwartiralary yzyna gaýtaryp bolmaýar" - diýip, ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.

“Turkmen.news” söwda we güýmenje merkeziniň, hem-de oňa ýanaşyk toplumyň binalarynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly kynçylyklaryň öňden bäri bardygyny habar berýär. Bu toplum 2021-nji ýylda açyldy, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda söwda merkezi sanitariýa sebäpli wagtlaýynça ýapyldy we mart aýynda dabaraly ýagdaýda gaýtadan açyldy diýip neşir, toplumyň gurulmagy baradaky karara Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda gol çekendigini ýazýar.

“Turkmen.news” -yň habaryna görä, binalardaky jaýryklar proýekti işläp düzmekdäki we ony ýerine ýetirmekdäki kemçilikler sebäpli ýüze çykýar. "Çeşmelere görä, 'Beýik Bina' pes hilli taslamany taýýarlap, ony kemçilikli durmuşa geçiripdir, sebäbi öz howndaryna Aşgabat şäheriniň öňki häkimi Şamuhammet Durdylyýewe daýandy. Ol häzirki wagtda täze Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine geçirildi" diýip, Turkmen.news ýazýar.

"Indi Jajow Aşgabat söwda merkeziniň çat açmagyny öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan we onuň ornuny tutan ogly Serdardan gizlemek üçin elinden gelenini edýär" diýip, Turkmen.news ýazýar.

Söwda merkeziniň we ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna potratçy bolan "Beýik Bina" hususy kärhanasyna Bekmuhammet Jajow ýolbaşçylyk edýär.

Şeýle-de, neşir Aşgabat söwda merkeziniň ýanyndaky kwartiralary baý adamlaryň satyn alandygyny, olaryň bahasynyň 450-500 müň dollara barabar bolandygyny ýaýzar we indi öý eýeleriniň kwartiralardan ýarym bahadan dynmaga synanyşýandygyny belleýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary hem bu ýaşaýyş toplumynda kwartiralaryň meşhur däldigini habar berdi. Olaryň sözlerine görä, köpçülik sebitdäki binalaryň çökmek howpy barada öňden bäri habarly bolup, ol ýerde jaý satyn almak islemeýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan gurluşyk hünärmenleriniň pikiriçe, gurluşyk işleriniň we ulanylýan materiallaryň hili bilen bagly problemalardan başga esasy meseleleriň biri topragyň aýratynlygy bilen bagly. Ýerasty suwlar ýörite drenaž ulgamyny talap edýär.

Bu etrapçada ýaşaýanlar topragyň aýratynlyklaryndan öňden bäri habarly bolup, ýerasty suwlaryň geçmişde pajygaly ýagdaýlara sebäp bolandygyny gürrüň berýärler.

"Ozal bu ýere Gaža diýilýärdi. Ol ýerden sil suwlary ýol salansoň, elmydama oý ýerler suw sorýan gorplar emele gelýärdi. Käbir oý ýerleriň diametri 50 metr ýa-da ondanam giňdi, çuňlugy bolsa, 10-15 metre baryp ýetýärdi. Ýadymda, 1983-nji ýylyň gyşynda gezelenç edýärkäm şonuň ýaly bir öý ýeriň üstündäki buz döwüldi we meniň klasdaşym onuň aşagyna ýygnanan suwa ýykyldy. Ony halas etmek üçin uly aýal dogany suwa bökdi we pajygaly ýagdaýda heläk boldy. Soň bu ýerdäki oý ýeriň üstüne gum sepip, köpgatly beýik jaýlary gurdular. Aşgabat söwda merkeziniň gurlan ýerinde hem sil akymy bardy. Öň bu ýerde inçekesel keselhanasynyň binasy ýerleşýärdi "- diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hünärmenler Aşgabatdaky we onuň töweregindäki topragyň aýratynlyklarynyň soňky ýyllarda paýtagtda gurlan uly desgalara howp salýandygyny belleýärler. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerasty suwlar sebäpli Aşgabadyň halkara howa menziliniň binasy çöküpdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Карди Би

Создала пробку: юбку Карди Би на Met Gala несли сразу девять ассистентов




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве


ATP

Лучший теннисист Казахстана сдал позиции в чемпионской гонке ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России