Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2023

Balkanda balyk gymmatlaýar, ilat ony hepdelik iýmitinden çykarýar

0
Balkanda balyk gymmatlaýar, ilat ony hepdelik iýmitinden çykarýar

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bazarlarynda balyklaryň bahasy gymmatlady. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ilatyň maliýe ýagdaýynyň yzygiderli peselmegi bilen, balkanlylaryň ençemesi balyk önümlerini özleriniň hepdelik iýmitine goşup bilmeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy häzir käbir balyklaryň bahalarynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki-üç esse ýokarlanandygyny habar berýär.

“Şäheriň ‘Kenar’ bazarynda täze tutulyp getirilen lakga balygynyň bir kilogramy 70 manat bahalanýar. Üstünden ýarym gün geçip, satyjylar agşama çenli satyp bilmedik halatynda, ony 60 manatdan satýarlar. Geçen ýyl şu döwürde ony 30-40 manatdan satyn alyp bolýardy. Bekre balygy 250-350 manat aralygynda bahalanýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Gymmatlamany daşary ýurtlardan import edilýän balyk önümlerinde hem görse bolýar. Doňdurylan kilka balygynyň bir kilogramy 14 manat 52 teňňe bahalanýar. Geçen ýyl onuň bahasy 5 manada barabardy.

Söwdagärler we bazar resmileri gymmatlamanyň sebäpleri barada aç-açan maglumat bermeýärler. Alyjylaryň bu baradaky soraglary hem jogapsyz galýar.

Ýöne bu ýagdaý deňiz önümlerine, şol sanda balyklara baý Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär. Olar häzir balyklaryň aglabasynyň etden has gymmatdygyny aýdýarlar.

“Häzir goýun etiniň bir kilogramy 50 manat, sygyr eti 60 manat, towuk eti 21 manat bahalanýar. Balyklaryň bahalary bulardan has gymmat. Köp balkanly balyk önümlerini özleriniň hepdelik iýmitine goşup bilmeýär” diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasynyň we ýarym resmi metbugat serişdeleriniň maglumatyna görä, ýurtda balyk hojalygy ösüş gazanýar. Häzir Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň garamagynda 40-dan gowrak balykçylyk hojalygy hereket edýär.

Hususan-da, “Hazar Balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy etrabynyň dolandyryş merkeziniň golaýyndaky deňiz kenarynda bekre balyklaryny emeli usul bilen köpeltmek, gara işbil çykarmak we Hazar deňzindäki balyklary hem-de beýleki balyk görnüşlerini gaýtadan işlemek boýunça önümçilik alyp barýar.

Ýöne ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz bu hojalyklarda öndürilýän balyk önümleriniň aglabasynyň, şol sanda konserwirlenen spratlaryň daşary ýurtlara eksport edilýändigini aýdýarlar. Muňa bu hojalyklara degişli balyk dükanlarynyň aglabasynda balygyň görnüşleriniň çäkli bolmagy hem şaýatlyk edýär.

“Mysal üçin, Türkmenbaşynyň Garaşsyzlyk köçesiniň ugrunda balyk hojalygy müdirliginiň binasy ýerleşýär. Onuň birinji gatyndaky balyk dükanynyň witrinasynda balygyň diňe iki görnüşini we demir gapda tomata gaplanan kilka balygy satylýar. Başga balyk ýok, balyga degişli önüm hem ýok. Balyga derek başga önümleri, şol sanda süýji, köke, çörek satýarlar. Haçan barsaň, dükanyň içi boş” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada agzalýan dükandan we “Hazar Balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi ýedi ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary yzygiderli gymmatlaýar we bu ýagdaý gurpdan düşen köp maşgala ýaramaz täsir edýär.

Türkmen hökümeti zähmet haklarynyň, pensiýa we döwlet kömek pullarynyň ýylda 10% çemesi ýokarlandyrylýandygyny, ilatyň durmuş şertleriniň gowulanýandygyny habar berýär, emma inflýasiýanyň derejesi barada dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Что лечит невролог и с какими симптомами к нему обращаться?


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Поклонники в печали! Анастасию Волочкову засняли на Мальдивах в трауре




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Спорт объединяет поколения: в Москве прошёл праздник ко Дню Победы для детей с ОВЗ

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Захарова: Запад хочет вымарать РФ из числа победителей во Второй мировой войне



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России