Aşgabatda türkmen, özbek we täjik prizidentleriniň sammiti geçiriler
Awgust aýynyň başynda Aşgabatda üç merkezi aziýa ýurdunyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň prezidenteriniň - Serdar Berdimuhamedowyň, Şawkat Mirziýoýewiň we Emomali Rahmonyň ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler.
Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, bu ýurtlaryň daşary işler ministrleri Reşit Meredow, Bagtyýor Saidow we Sirojiddin Muhriddinow dagy 26-njy iýulda wideo arkaly duşuşyp, bu sammiti geçirmek üçin görülmeli çärleri maslahatlaşdylar.
Diplomatlar programmanyň taslamasy, ýetip gelýän ýygnagyň gün tertibi we sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda sebit çägindäki hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.