Türkmen prezidentiniň Brýussele sapar etmegine garaşylýar
Türkmenistanyň prezidentiniň şu ýyl Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Brýussele sapar etmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýene ynanç hatyny gowşuranda bu mesele boýunça bilelikdäki işe başlamaga taýýardygyny aýtdy.
Türkmen metbugatynyň habaryna görä, duşuşykda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny mälim etdiler diýip, newscentralasia.net Türkmenistanyň Belgiýa patyşalygyndaky ilçisihanasyna salgylanyp habar berdi.