Türkmen, özbek we täjik prezidentleri Aşgabatda gepleşik geçirer
4-nji awgustda Aşgabatda “Türkmenistan-Täjigistan-Özbegistan” görnüşinde, prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň, Emomali Rahmonyň we Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üç taraply sammit geçiriler.
Türkmen metbugaty paýtagtyň ýetip gelýän çärä ýokary derejede taýýarlyk görýändigini, şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri we binalary bezemek, myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek tagallalarynyň edilýändigini habar berýär.
Şeýle-de, ýokary derejeli duşuşykda gol çekilmeli resminamalaryň taýýarlanylýandygy habar berilýär.
Bu sammit Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretjek türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň tassyklanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.