Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Eýran türkmenler üçin meşhur lukmançylyk ugruna öwrülýär

0
Eýran türkmenler üçin meşhur lukmançylyk ugruna öwrülýär

Eýranyň saglyk syýahatçylygy babatynda türkmenleriň arasyndaky meşhurlygy artýar. Soňky döwürde saglygyna seretdirmek üçin Eýrana sapar edýän türkmenleriň sanynyň göz-görtele artandygyny synlasa bolýar. Näsaglar munuň sebäbini Türkmenistanda saglyk hyzmatlarynyň hiliniň juda pes bolmagy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we türkmenistanly näsaglar 7-nji awgustda gürrüň berdiler.

Türkmenistanly näsaglar esasan Maşat şäherindäki saglyk edaralarynda bejergi alýarlar. Bir adamyň Aşgabatdan bu şähere sapar etmegi takmynan 400 ABŞ dollaryna durýar.

“Maşatdaky myhmanhanalarda, hassahanalarda saglygyna seretdirmäge gelen örän köp türkmenistanla duş gelse bolýar. 1990-njy ýyllardan türkmenleriň köpüsi Eýrana söwda etmäge gelse, indi saglygyna seretdirmäge, çylşyrymly operasiýalary etdirmäge gelýärler” diýip, häzir bu şäherde saglyk bejergisini alýan türkmenleriň biri gürrüň berdi.

Näsaglaryň arasynda esasan onkologiýa kesellerinden ejir çekýän we ençeme ýyl bäri göwreli galyp bilmeýän zenanlar we olaryň ýoldaşlary bar. Ýöne olaryň aglabasyny gyssagly hirurgiki saglyk bejergilerini talap edýän näsaglar emele getirýär.

Türkmenler Eýrana gitmeginiň sebäbini Türkmenistanda saglyk hyzmatlarynyň hiliniň juda pes bolmagy bilen düşündirýärler.

“Türkmenistandaky hassahanalarda işläp biljek, täze enjamlary dolandyryp biljek hünärmen ýok. Şol sebäpli ýurt raýatlary daşary döwletleriň saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mejbur bolýarlar” diýip, türkmenistanly başga bir näsag aýtdy.

Näsaglaryň sözlerine görä, Eýranyň lukmanlary tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijeleri we goýulýan diagnozlar, türkmen lukmanlary tarapyndan ýüze çykarylanlardan düýpgöter tapawutlanýar.

“Käte eýranly lukmanlar Türkmenistanda operasiýa edilen näsaglary gaýtadan operasiýa etmeli bolýarlar. Bu hem gymmat düşýär, hem-de näsagyň saglygyna howp abandyrýar” diýip, türkmenistanly näsag aýtdy.

Türkmen saglyk syýahatçylarynyň Eýranda ýogalmagy bilen bagly ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Olaryň jesetlerini watana getirmek, habarçymyzyň sözlerine görä, hem kyn bolýar, hem-de gymmat düşýär.

Mundan başga-da, näsaglar Türkmenistanyň resmilerinden özleriniň Eýrana edýän syýahatynyň asyl maksadyny gizlemäge mejbur bolýarlar.

“Serhet geçelgesindäki barlag nokadynda türkmenistanly näsaglar özleriniň syýahatynyň asyl maksadyny aýtsalar, serhet gullugy we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri beýle adamlary kompýuterde gara sanawa salýarlar. Olar şondan soňra daşary ýurtlara asla goýberilmeýärler. Şol sebäpli olar Eýrana syýahatçy hökmünde gidýärin diýmeli bolýarlar” diýip, türkmenistanly näsag aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden we Döwlet serhet gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti “döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi” barada ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Hökümet muny ýurtda “döwrebap lukmançylyk merkezleriniň gurlandygy, olaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýändigi, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işleriň amala aşyrylýandygy” bilen delillendirmäge çalyşýar.

Ýöne türkmenistanlylar ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň gymmatlygyndan, olaryň hiliniň pesliginden, näsaglara ýalňyş diagnoz goýulmagyndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýärler.

Bu ýagdaý, soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurduň raýatlaryny saglygyny bejertmek üçin Eýran, Hindistan, Türkiýe we Russiýa ýaly beýleki ýurtlara gitmäge mejbur etdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Брановицкий

Рассылка Песни или Музыки на все Радиостанции России, СНГ и Мира, а также по всем СМИ России.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Что произошло 8 мая в истории Якутии

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Канье Уэст летом выступит с концертом в России


ATP

После победы в Мадриде Рублев поднялся с 8-го на 6-е место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

NBC: военнослужащий армии США задержан в России за кражу



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России