Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Türkmenbaşynyň polisiýasy köçe söwdagärlerine garşy reýd geçirýär

0
Türkmenbaşynyň polisiýasy köçe söwdagärlerine garşy reýd geçirýär

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri köçe söwdagärlerine gözegçiligi güýçlendirdiler. Polisiýa işgärleri “Kenar” bazarynyň golaýyndaky söwdagärlere garşy reýd geçirip, olardan köçeleri terk etmegi talap edýärler. Bu çäre, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, şol sanda prezidentiň golaýdaky Awaza zolagynda dynç alýan döwrüne gabat geldi.

“Polisiýa bazaryň golaýyndaky köçelerde, Azady we Puşkin köçeleriniň çatrygyndaky köp gatly jaýlaryň awtoduralgasynda köçe söwdagärlerini köçelerden kowýar. Bu söwdagärler çetki etrapdyr obalardan towuk ýumurtga, süýt we gatyk önümlerini, şeýle-de hojalyklarynda öndüren gök-bakja önümlerini şähere getirip satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

Polisiýa işgärleri esasan zenanlardan ybarat bolan satyjylara söwdanyň bu görnüşiniň sanitariýa düzgünlerine laýyk gelmeýändigini belläp, olaryň bikanun söwda bilen meşgullanýandyklaryny aýdýarlar.

Ownuk söwdagärler bolsa, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda özleriniň resmi ýagdaýda bazarda ýer almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny, öz öndüren harytlaryny köçelerde satmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Satyjylar öz hojalyklarynda ýetişdiren harytlaryndan diňe bir-iki manat peýda görýärdiler. Häkimiýetler olary bu gazançdan hem mahrum edýärler” diýip, balkanly söwdagär aýtdy.

Galyberse-de, söwdagärler bu çäreleri “häkimiýetleriň Kenar bazarynda söwdany janlandyrmak tagallalary” diýip häsiýetlendirýärler.

“Bazarda diňe şäheriň ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň ýakyn töweregindäki adamlaryň söwda nokatlary bar. Şäheriň azyk önümleri monopoliýasynyň diňe Kenar bazarynda çözülmegi üçin berk kontrol edilýär. Bazarda bahalar keýgiň şahyna çykdy. Şol sebäpli köp adam köçe söwdagärlerinden azyk satyn alýardy” diýip, balkanly söwdagär aýtdy.

Azatlyk bu barada şäher häkimliginden we bazar administrasiýasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Habarçymyz geçen ýyllarda awtoulaglarda azyk getirip, olary köp gatly jaýlaryň aralaryndaky meýdançalarda satan söwdagärleriň-de şu ýyl şähere goýberilmeýändigini habar berýär.

“Polisiýa işgärleri bu söwdagärleriň-de ‘Kenar’ bazaryndaky azyk söwdasyna we bahalara täsir ýetirýändigini aýdyp, olary kowýarlar. Şol sebäpli daýhanlar öz önümlerini bazar söwdagärlerine mugtuň bäri ýanynda satmaga ýa-da zibile taşlamaga mejbur bolýarlar” diýip, balkanly daýhan gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerinde onlarça ýyl bäri bölek-büçek dowam etdirilýän köçe söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

Häkimiýetler söwdanyň bu görnüşiniň gadagan edilmeginiň sebäbini harytlaryň döwlet arassaçylyk barlagyndan geçmeýändigi, söwdagärleriň salgyt tölemeýändigi, olaryň köçäniň gelşigini gaçyrýandygy, halkyň “bagtyýar durmuşynyň” keşbine zyýan ýetirýändigi bilen düşündirýärler.

Eli ýuka köçe söwdagärleri bazarlardaky söwda nokatlary üçin soralýan kireý bahalarynyň ýokarydygyny, söwda tekjelerine eýe bolmak üçin, “tanyşparazlygyň we parahorlygyň” möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri söwdanyň bu görnüşi we oňa garşy görülýän çäreler barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenbaşyda köçe söwdagärlerine garşy geçirilýän nobatdaky reýdler, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, şol sanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň golaýdaky Awaza zolagynda dynç alýan we munuň bilen bagly sebitde köçelere, bazarlara gözegçiligiň güýçlendirilen döwrüne gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

Состоялась премьера песни Гульдарии Юсуповой


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Queen

Свой день рождения White Queen отметила вечеринкой в космическо-морской тематике




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников


Андрей Рублёв

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид



Новости Крыма на Sevpoisk.ru