Ermenistanda bolan ýol hadysasynda 11 adam öldi, 9 adam ýaralandy
Ermenistanda 14-nji awgust güni irden bolan ýol hadysasynda, üsti ýolagçyly mikroawtobus bilen ýük awtoulagynyň çakyşmagy netijesinde 11 adam ölüp, dokuz adam ýaralandy.
Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy bilen habarlaşan lukmanlar ýaralananlaryň bäşisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar.
Heläkçilikli awtoulag çaknyşygy Ýerewanyň 85 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ýerewan-Gýumri awtoulag ýolunda boldy.
Pidalaryň garyndaşlarynyň habar bermegine görä, mikroawtobusyň ýolagçylary Türkiýeden Ermenistana gaýdyp gelýän eken.
Derňewçiler heläkçiligiň nähili ýagdaýda bolandygyny anyklamak üçin wakanyň bolan ýerinde işleýär diýip, habarda aýdylýar.