Hytaýyň goranmak ministri Russiýa we Belarusa sapar eder
Hytaýyň goranmak ministri Li Şangfu 14-19-njy awgust aralygynda Russiýa we Belarusa sapar eder.
Li Russiýada bolanda halkara howpsuzlyk ýygnagyna gatnaşar we ol ýerde söz sözlär diýip, birinji gün çap edilen beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, hytaýly resmi Russiýanyň milli goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşar.
Li Belarusa baranda bu ýurduň döwlet we harby ýolbaşçylary bilen duşuşar, Belarusyň harby bölümlerine baryp görer.