Eýranly žurnalist Ewin türmesinden boşadylandygyny aýdýar
Eýranly žurnalist Nazila Marofian 13-nji awgustda, girew goýlanyndan soň, Tähranyň Ewin türmesinden wagtlaýyn boşadylandygyny aýtdy we biraz soň sosial ulgamlarda "sen iň gowy zatlara mynasyp, şu sebäpden gulçulygy kabul etme" diýip ýazdy.
Marofian 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda, 22 ýaşly Mahsa Amininiň kakasy Amjad Amini bilen geçiren söhbetdeşligini çap edeninden soň tussag edildi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ölen ýaş gyzyň ölümi tutuş ýurtda protest çäreleriniň guralmagyna alyp geldi.
Başyny düzüwli örtmezlikde aýyplanyp saklanan Mahsa Amini polisiýa tussaglygynda öldi. Amjad Amini žurnalist bilen söhbetdeşlikde Hukuk Medisina Guramasynyň başlygynyň orunbasarynyň, kazyýetleri ekspert şaýatlarynyň hasabatlary bilen üpjün edýän Kazyýet edarasynyň wekiliniň, gyzynyň ölüminiň sebäbini ýazanynda "islän zadyny, ýurt bähbidindäki islendik zady ýazyp bilýändigini açyk aýdandygyny” gürrüň berdi.