Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Türkmenistan, Wengriýa gaz üpjünçiligi babatynda ‘syýasy ylalaşyk’ gazandy

0
Türkmenistan, Wengriýa gaz üpjünçiligi babatynda ‘syýasy ylalaşyk’ gazandy

Türkmenistan we Wengriýa ýekşenbe güni Budapeştde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde gaz üpjünçiligi babatynda ylalaşyk gazandy diýip, “Trend” habarlar gullugy 20-nji awgustda habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer ministri Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de ýurduň milli baýramy – Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýada iş saparynda bolýar. Saparyň dowamynda türkmen we wenger liderleri giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi.

Budapeşt we Aşgabat türkmen gazynyň Wengriýa iberilmegi babatynda syýasy ylalaşyk gazandy, indi gezek kompaniýalaryň arasyndaky gepleşiklerde diýip, Russiýanyň “Interfaks” habar agentligi duşuşyklaryň yz ýany, Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýartonyň sosial media çykyşynda aýdan sözlerini sitirledi.

Türkmenistan göz öňünde tutulýan Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy arkaly ýewropa ýurtlarynyň gaz üpjünçiligine goşant goşmaga gyzyklanma bildirip gelýär. Şol bir wagtda, Wengriýa bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde köpri bolup hyzmat etmäge isleg bildirýär. Ýöne gaz geçirijiniň töwereginde bar bolan problemalar, şol sanda taslamanyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meseleler onuň durmuşa geçirilmegini bökdeýär.

Biraz öň, iýulyň soňky hepdesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat çap edip, Hazarüsti taslamasynyň öňüni baglaýan hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe meselesiniň ýokdugyny öňe sürdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky aýlarda Hazarüsti taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bildirýän gyzyklanmalaryny nygtaýan mahaly, iýulyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň paýtagty Brýussele saparynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer 21-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Wengriýanyň “köpri bolup hyzmat etmäge mynasyp ornunyň bardygyny” gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Wengriýa Türkmenistan bilen Türki Döwletler Guramasynyň çäklerinde hem gatnaşyklary ýola goýýar. Iki ýurt hem bu guramanyň synçy agzasy bolup durýar.

Mundan ozal, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 8-9-njy iýunda Aşgabatda bolup, türkmen döwlet ýolbaşçylary bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Şonda wenger daşary syýasat başlygy Ýewropa Bileleşiginde dowam edýän energetika krizisine hödürleýän çözgütleriniň hatarynda Bileleşigi Türkmenistan bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy.

“Türkmenistan Ýewropanyň energetika bazaryna girse, bu Ýewropanyň bähbidine bolar... Biz wengriýalylar köpri bolup, hereket etmekden hoşal bolarys. Biz Türkmenistanyň Ýewropanyň energetika bazaryna girmegine gyzyklanma bildirýäris” diýip, şonda metbugat serişdeleri Siýartonyň sözlerini getirdi.

Şonda wenger syýasatçysy türkmen gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda, Hazar deňzinde uzynlygy takmynan 300 kilometre, ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply gaz geçirijiniň gurulmagyny teklip etdi.

Ýöne synçylar Ýewropa Bileleşiginiň dünýäde klimat krizisi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary maliýeleşdirmekden çetde durmaga çalyşýandygyny, munuň bilen baglylykda, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň maliýe meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdýarlar.

“Bu ýerde, megerem, has çylşyrymly bolan beýleki bir mesele hem gaz geçirijiniň nädip gurulmalydygy barasyndadyr. Türkmenistanyň bu babatdaky pozisiýasy elmydama üýtgewsiz galýar: ýagny, ‘eger türkmen serhedine çenli gaz geçiriji gurup berseňiz, biz size gaz satarys’ diýýärler. Bu ýagdaý [Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna] maýadar çekip bilmedi. On ýyldan gowrak wagt mundan ozal “Nabukko” gaz geçirijisi barada bir topar gürrüňler edildi. Ýöne bu taslama hem hiç hili netije bermedi. Indi biz başlangyç nokadyna gaýtadan dolanyp geldik” diýip, Panniýer aýtdy we Türkmenistanyň mundan ozalky ýyllarda hem Hazarüsti taslamasyna yzly-yzyna gyzyklanma bildirendigini, ýöne soňy bilen ähli gürrüňleriň puja çykandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Bilermenler Türkmenistanyň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr gaz ibermäge ukyply täze gaz geçiriji taslamasy bilen Günorta gaz koridoryna goşulmagynyň 30 milliard dollara çenli maliýe serişdesini talap edýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Queen

White Queen Birthday party «Королева морей»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве


Энди Роддик

Энди Роддик: «У меня было несколько типов рака кожи с тех пор, как я завершил карьеру»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Медведев Дмитрий Анатольевич - фигура большого значения



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России