Rus kolbasaçysy türkmen bazaryndaky geljegini uly hasaplaýar
Russiýanyň “Abi” kompaniýasy şu aýda Türkmenistana öz öndürýän “Wýazanka”, “Starodworýe”, “Bawaruşka kolbasalarynyň ilkinji 16 tonnasyny eksport etdi diýip, “Newscentralasia” we “Türkmenportal” neşirleri habar berýär.
“Abiniň” önümleri Türkmenistanyň uly şäherleriniň ählisinde wagyz edilýär we kompaniýanyň wekilleri häzir “doňdurylan ýarym taýýar” we “doly taýýar” görnüşinde hödürlenýän önümleriniň sanawyny giňeltmek barada gepleşik geçirýärler diýip, habarda aýdylýar.
Satuw bölüminiň müdiri Roman Otodrakanyň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýada “Abiniň” önümlerini import edip başlan Türkmenistan Gazagystandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan soň dördünji ýurt boldy.
Ol “Abiniň” türkmen bazaryndaky geljegini uly hasaplaýar.
Gadymdan gelýän maldarçylyk ýurdy bolan Türkmenistan soňky onýyllyklarda, ýerli maldarçylygyň çökmegi bilen, daşary ýurtlardan et önümlerini import etmäge barha kän ýykgyn edýär diýip, synçylar aýdýar.
Türkmen hökümeti ýurtda azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigini öňe sürüp, import edilýän azyk önümleriniň mukdary, olara harçlanýan altyn pullar baradaky maglumatlary çap etmeýär.