Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Maryda ýaşaýjylar üç aý ozal asfalty sökülen köçäniň heniz-de bejerilmezliginden şikaýat edýär

0
Maryda ýaşaýjylar üç aý ozal asfalty sökülen köçäniň heniz-de bejerilmezliginden şikaýat edýär

Mary welaýatynyň merkezi şäherinde abatlaýyş işleri sebäpli asfalty sökülen Marguş köçesi indi üç aýa golaý wagt bäri gaýtadan bejerilmeýär. Köçäniň ýaşaýjylary gum bilen örtülen ýoluň özleriniň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdyp, häkimiýetleriň köçäni abatlamazlygyna nägilelik bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada 29-njy awgustda sebitden maglumat beren habarçysy şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda köçäniň bir tarapynyň uzak boýuna gazylyp, lagym turbalarynyň çekilendigini aýdýar.

“Şondan soňra köçäni gum bilen örtüp, yzyna gömdüler. Ýöne indi iýunyň başyndan bäri köçä asfalt düşemeýärler. Mundan ozal köçäniň ‘gül’ ýaly asfalty bardy. Häzir köçäniň ugrundaky hojalyk jaýlarynyň ýaşaýjylary howlularyna girip-çykmak üçin gapylarynyň gabadyny pil bilen özbaşdak tekizläp çykdylar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Köçe şäherde ýerleşýän bolsa hem, onuň ugrundaky hojalyk jaýlaryna lagym turbalary häzire çenli çekilmändir. Ýaşaýjylar jaýlarynyň 60-70 metr golaýynda çukur gazyp, hajathana we hammam zerurlyklaryny şol ýerde berjaý etmeli bolýarlar. Soňra ýörite ulaglary çagyryp, bu çukurlaryny arassaladýarlar.

Ýaşaýjylar ilkibada lagym turbalarynyň çekilýändigine örän begenendiklerini aýdýarlar. Ýöne olar aradan birnäçe aýyň geçendigine garamazdan, ne lagym ulgamynyň işe girizilýändigini, ne-de köçäniň asfaltynyň gaýtadan düşelýändigini belleýärler.

“Köçä gaýtadan asfalt düşemekçi bolmaýarlar. Basym oňarylar hem diýmeýärler. Öň hem bu köçäni ‘prezident geçjek’ diýlenden soň bejerilipdi. Prezident geçjek diýilse, asfalty 2-3 günüň içinde düşärler, bolmasa-da ýene birnäçe ýyl bozuklygyna galar. Lagym ulgamy hem işlemeýär. Turbalary çeken işçiler lagym ulgamynyň näçe ýyldan işläp başlajagynyň belli däldigini aýdypdylar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar lagym ulgamynyň işe girizilmeginden geçdiler. Olar gum bilen örtülen ýoluň özleriniň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdyp, häkimiýetlerden köçäni abatlamagy isleýärler.

“Sähel şemal tursa, ähli ýer gum bilen örtülýär. Basym ýagynly günler başlar. Palçyk zerarly köçede ýörär ýaly bolmaz. Häzir goňşular bolup köçäniň gyşdan öň bejerilmegini sorap, şäher häkimliginiň ýol gurluşyk bölümine arza ýazmakçy bolýarys” diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy. Ýaşaýyş jaýlaryndan, durmuş we senagat desgalardan başga-da, tarp ýerden täze şäherdir obalar guruldy. Häkimiýetler Köpetdagyň eteginde gurlan täze Arkadag şäheriniň gurluşygyna 5 milliard dollar töweregi pul serişdesiniň harçlanjakdygy aýtdylar.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda ilat köçeleriň abatlanmazlygyndan, lagym turbalarynyň çekilmezliginden ýa-da bejerilmezliginden, sowet ýyllarynda gurlan jaýlarda, mekdeplerde we çagalar baglarynda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmezliginden, bularyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýär.

Geçen hepde Aşgabadyň ilat arasynda "Kim" atlandyrylýan etrapçasynda agyz suw turbasynyň ýarylmagy netijesinde, turbalardan syzyp çykan suw birnäçe jaýyň howlusyna we köçelere ýaýrady. Ýaşaýjylar 1970-nji ýyllarda gurlan jaýlaryň aşagyndaky suw, lagym, ýyladyş turbalarynyň ýarym asyr bäri çalşylmaýandygyny belläp, olaryň düýpli rekonstruksiýa mätäçdigini aýtdylar.

Ýurduň döwlet mediasy paýtagtda we welavatlarda garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary we beýlekileri yzygiderli ýagdaýda efire berip, bulary wasp edýär. Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi media ilatyň bejerilmeýän köçeler, lagym ulgamlary sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Башмет

В Мурманске пройдет очный отбор в юношеский симфонический оркестр Юрия Башмета




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


Андрей Рублёв

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Медведев Дмитрий Анатольевич - фигура большого значения



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России