Türkmen türmesinde 18 ýyl oturan öňki emeldar azatlyga çykdy
“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň başlygy, “Türkmengaz” döwlet konseriniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Sapar Ýoldaşow 18 ýyllyk türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy diýip, Turkmen.news” neşiri habar berýär.
Oňa 2006-njy ýylda, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmurat Nyýazow nebit-gaz toplumynyň birnäçe ýolbaşçysyny korrupsiýada aýyplap, wezipelerinden boşadanyndan soň iş kesilipdir.
Şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň tassyklamagyna görä, Ýoldaşow döwletden ogurlanan serişdeleri ulanyp, “ýurduň dürli şäherlerinde 20 jaý we 25 awtoulag edindi, köp aýal we oýnaş saklady.”
Türmeden Daşoguzdaky öýüne dolanyp gelen Sapar Ýoldaşow sadaka berdi we oňa onlarça adam gatnaşdy diýip, garaşsyz neşiriň habarynda aýdylýar.
Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda we ondan soň dürli jenaýatlarda, hususan-da korrupsiýada aýyplanan öňki resmileriň garşysyna gozgalan jenaýat işleri, olara kesilen işler we bendileriň soňky ykballary köplenç jemgyýetçilige belli bolman galýar.