Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Mary: Oba ýerlerinde agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýy ‘gözgynylygynda’ galýar

0
Mary: Oba ýerlerinde agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýy ‘gözgynylygynda’ galýar

Mary welaýatynyň käbir etraplarynda we oba ýerlerinde arassa agyz suwy bilen üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýy gözgynylygynda galýar, käbir geňeşlikler agyz suw üpjünçiligini suw guýulary we suw howdanlary bilen özbaşdak gidermäge çalyşýar. Bu aralykda, şäher ýerlerinde ýaşaýjylar merkezleşdirilen suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadasyz iş tertibinden we ýaramaz hilinden şikaýat edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary günorta-gündogar sebitiň oba ýerlerinde we sebit paýtagtynda suw üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýyny öwrendi.

Türkmenistanda raýatlar esasan merkezleşdirilen, merkezleşdirilmedik we özbaşdak suw üpjünçilik ulgamlary arkaly agyz suwy bilen üpjün edilýär. Käbir sebitleriň suw üpjünçiliginde suw daşaýjy ulag serişdelerinden hem peýdalanylýar.

Şäher ýerleri merkezleşdirilen suw desgalaryndan, etraplar we oba ýerleri köplenç merkezleşdirilmedik ýa-da özbaşdak desgalardan, ýerasty suwlardan, guýulardan we suw howdanlaryndan peýdalanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň günorta-gündogar sebitde ýaňy-ýakynda geçiren gözlegleri Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly we Garagum etraplarynyň garamagyndaky geňeşliklerde we oba ýerlerinde ýerli hojalyklaryň agyz suw üpjünçiliginde esasan özbaşdak suw üpjünçilik ulgamlaryndan, guýulardan we suw howdanlaryndan peýdalanýandyklaryny görkezdi.

Murgap derýasynyň günbatar ýakasynda ýerleşýän Ýolöten etrabynyň käbir geňeşliklerinde, hususan-da çöl ýerleriniň alkymynda ýerleşýän obalarda hojalyklar özbaşdak suw howdanlaryndan peýdalanýarlar.

“Geňeşlikleriň ýaşaýjylary ulag serişdeleri bilen ýaplardan suw daşadyp, hojalyklardaky beton suw howuzlaryny doldurýarlar. Howuzdaky suwuň çägesi aşak çökenden soňra, ony içimlik suw hökmünde ulanýarlar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Garagum kanalynyň ýakasynda ýerleşýän Türkmengala etrabynyň Zähmet geňeşliginde ýerli hojalyklar agyz suw üpjünçiliginde suw guýularyndan peýdalanýarlar.

“Adamlar 15-20 metr çuňlukda gazylan guýulardan bedre bilen suw çekip, suw içýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Oba ýaşaýjylary 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda Zähmet geňeşliginde merkezleşdirilmedik suw üpjünçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylandygyny, suw krantlarynyň oturdylandygyny aýdýarlar. Ýöne soňlugy bilen suw geçiriji ulgamlardan Garagum kanalynyň arassalanmadyk, bulançak, çägeli suwy akyp başlapdyr.

“Hatda käteler suw krantlaryndan ot-çöp hem akyp çykýardy. Soňra krantlarda suw kesildi. Suw kesilensoň, şol döwürler obalarda peýda bolan neşekeşler ýeriň aşagyndaky turbalary ogurlap, satyp başladylar” diýip, Zähmet geňeşliginiň bir ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Şeýlelikde, ýerli hojalyklar suw guýulary arkaly özbaşdak suw üpjünçiligini dowam etdirýär.

Türkmengala etrabyndan 40 kilometr töweregi demirgazykda ýerleşýän Baýramaly etrabyna tarap süýşseň, merkezleşdirilen suw üpjünçilik ulgamlarynyň käbir alamatlaryna duş gelse bolýar, ýöne bu ýerlerde hem garaşsyzlygyň irki ýyllarynda döwletiň tagallalary bilen çekilen suw geçirijileri, suw krantlary kadaly işlemeýär.

Baýramalynyň merkezine golaý ýerleşýän Mekan geňeşliginiň ýaşaýjylary öz obalaryna suw geçirijileriniň çekilendigini ýöne suw krantlarynyň ýylyň dowamynda diňe bir pasyl işleýändigini aýdýarlar.

“Biziň obamyzda agyz suw krantlary bar, emma olardan diňe gyş paslynda suw akýar. Bahar, tomus we güýz aýlarynda krantlardan suw akmaýar. Gyş aýlarynda sähel suw akýar. Ýöne biz suw daşaýjy ulaglara suw sargap, hojalyklardaky beton suw howuzlarymyzy doldurýarys” diýip, Baýramalynyň Mekan geňeşliginiň ýaşaýjylary gürrüň berdi.

Mary welaýatynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Garagum etrabynyň ýaşaýjylary etrap merkezindäki suw krantlaryndan berilýän içimlik suwuň arassa däldigini aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar hödürlenýän agyz suwuny diňe gaýnadyp içmeli bolýarlar.

Hususan-da, çagalar baglarynda körpelere diňe gaýnadylan suw berilýär. Terbiýeçiler suw üpjünçilik ulgamlary arkaly iberilýän agyz suwlarynyň gaýnadylmadyk halatynda çagalaryň arasynda içgeçme keseliniň köpelmegine ýol açýandygyny aýdýarlar.

Mary welaýatynyň çäklerini Garagum kanaly we Murgap derýasy kesip geçýär, şeýle-de Hanhowuz suw howdany hem bu welaýatyň çäginde ýerleşýär.

Welaýat paýtagty merkezleşdirilen suw üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanýar. Ýöne şäher ýaşaýjylary köp gatly jaýlara berilýän suwuň basyşynyň juda pesdigini aýdýarlar.

“Mary şäherinde suwuň basyşy köp gatly jaýyň hatda ikinji gatyna-da çykyp bilmeýär” diýip, bir şäher ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle ýagdaýda şäher ilaty köplenç suw nasoslaryndan peýdalanyp ýokarky gatlara suw çykarmaga çalyşýarlar.

Galyberse-de, köp gatly jaýlara üpjün edilýän agyz suwy, şäher ýaşaýjylaryna görä, hlorlanýar we köplenç ajymtyk kakýar.

Özbaşdak nasoslar bilen ýokarky gatlara suw çykarylýan halatlary bolýar, ýöne şol bir wagtda ýerzemin gatlarda suw turbalarynyň ýarylyp, agyz suwunyň biderek akýan pursatlary, suw geçirijileriniň wagtynda bejerilmeýän halatlary hem bolýar.

Türkmenistanda soňky dört ýyldan gowrak wagt bäri ozal ilata mugt hödürlenen elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň hem-de agyz suwunyň tölegli görnüşde üpjün edilmäge başlanylmagy bilen, bu serişdeleriň üpjünçiligi döwlet tarapyndan gözegçilik astyna alyndy. Hojalyklara suw we elektrik energiýasyny, tebigy gazy hasaplaýjy enjamlar oturdyldy. Şeýle çäreleriň arasynda ilatyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga başlamagy bilen bagly käbir alamatlar ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hususan-da şäher ýerlerinde adamlaryň suwy bisarpa ulanmajak bolýandygyny aýdýarlar.

“Awtoulag eýeleri öz ulaglaryny ‘awtomoýkalarda’ ýuwdurýar. Işiklerde ýa-da köçäniň ugrunda oturdylan suw krantlary biderek açylyp goýulmaýar. Suw hasaplaýjylary oturdylandan soňra suwuň sarp edilmegi gözegçilik astynda alyndy” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, sebit ýaşaýjylary soňky ýyllarda suw üpjünçiligi bilen bagly ýerli önümçiligiň, telekeçilik işiniň hem ösdürilýändigini aýdýarlar. Dürli nyşanly suwlar ýurduň ähli künjeklerindäki sarp edijilere paýlanýar.

“Berzeňňi suwy Mary welaýatynda öndürilýär. Ýöne diňe Berzeňňi däl, eýsem, [başga haryt nyşanly] agyz suwlary hem Mary welaýatynda öndürilip beýleki walaýatlara paýlanýar” diýip, bir ýerli telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Arçalyk”, “Ýüpekçi” ýaly dürli görnüşli iri we ownuk kärhanalar suw önümçiliginde telekeçilik işini ýola goýupdyrlar.

Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda suw meselesi iň möhüm we halkara hyzmatdaşlygy esasynda çözülmeli meseleleriň hatarynda galýar. Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda şeýle meseleleriň ähmiýeti has-da artýar.

Türkmenistanda Etrek, Sumbar, Murgap we Tejen derýalary, Garagum kanaly hem-de ýurduň gündogar böleginden demirgazyga tarap akýan Amyderýa bar.

Mundan ozal, türkmen hökümeti Hazar deňziniň suwuny arassalap, onuň agyz suw üpjünçiliginde peýdalanylmagy bilen bagly teklipler we taslamalar bilen çykyş etdi.

Türkmen metbugatyna görä, ýurduň suw üpjünçiliginiň tas 95 göterimi Amyderýa garaşly galýar.

Bu aralykda, Owganystanda Amyderýadan gözbaş aljak iri suw kanalynyň gurluşygyna girişilmegi bilen öňümizdäki ýyllarda hususan-da Türkmenistanda we Özbegistanda Amyrderýanyň suwunyň ep-esli çekiljekdigine alada bildirilýär.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Dünýä serişdeler institutynyň (WRI) barlaglaryna görä, Türkmenistan dünýäde suw serişdelerine agram düşýän 22 ýurduň hatarynda galýar. Barlaglara görä, Türkmenistan bar bolan suw çeşmeleriniň umumy kuwwatyndan 40 göterimden 80 göterime çenli peýdalanýar. Şeýle-de, barlag institutynyň 2023-nji ýylyň awgust aýynda çap eden soňky maglumatlaryna görä, suw dolandyryş syýasatyndaky şowsuzlyk öňümizdäki 25 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň ýedi göterim töweregi pese gaçmagyna getirip biler.

Suw hojalygy möhüm ugurlaryň biri bolup, oba hojalygy, ekerançylyk, maldarçylyk, energiýa önümçiligi, senagat önümçiligi we beýleki ykdysady pudaklar kadaly we rejeli suw üpjünçiligine garaşly bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Состоялась премьера песни Гульдарии Юсуповой


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Программу к 100-летию Булата Окуджавы представят псковичам 13 мая 




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


ATP

После победы в Мадриде Рублев поднялся с 8-го на 6-е место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России