Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Daşoguzda çagalary sünnet edýän tebiplere garşy göreş güýçlendi, Maryda bu amaly öýde edýän lukmanlar yzarlanýar

0
Daşoguzda çagalary sünnet edýän tebiplere garşy göreş güýçlendi, Maryda bu amaly öýde edýän lukmanlar yzarlanýar

Daşoguz welaýatynyň polisiýasy tebiplere çagalary sünnet etmegi gadagan edýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy, sebitde çagalary sünnet edýän tebipleriň tas galmandygyny, hatda öýlerde sünnet amallaryny berjaý edýän lukmanlara diplomlaryndan mahrum edilmek howpunyň abanyandygyny aýdýar.

Garaşsyz neşir 29-njy awgustda çap eden habarynda Daşogzuň polisiýasynyň oglan çagalary öýde sünnet edýän, lukmançylyk bilimi bolmadyk tebiplere garşy göreşini güýçlendirendigini habar berýär.

“Täze-bazar obasynda etrap polisiýa işgärleri, bir öýde sünnet toýunyň geçirilýändigini bilseler, şol ýere gelip, ene-atalardan operasiýany kimiň ýerine ýetirendigini aýtmagy talap edýärler. Tebipler duýduryş bilen goýberilip bilinýär, ýöne käte olar jerime tölemäge mejbur edilýärler” diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda adatça oglan çagalary sünnet etdirmek möwsümi ýylda iki gezek – bahar we güýz pasyllarynda – bat alýar. Türkmenlerde oglan çagany sünnet etdirmek dini däp-dessurlar esasynda amal edilýär.

Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitde çagalary sünnet edýän tebipleriň tas galmandygyny, sebäbi olaryň bu amaly ýerine ýetirendigi üçin tussag edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berýär.

Ol öýlerde sünnet amallaryny berjaý edýän lukmanlara bolsa, diplomlaryndan mahrum edilmek howpunyň abanýandygyny aýdýar.

“Mundan ozal adamlar tanyş lukmanlaryndan öz ýany bilen medisina enjamlaryny we serişdelerini getirip, çagany sünnet edip bermegi haýyş edýärdiler. Ýöne häzir bu mümkinçilik hem aradan aýryldy. Sebäbi indi öýlerde sünnet amallaryny berjaý edýän lukmanlara diplomlaryndan mahrum edilmek howpy abanýar ýa-da olara uly möçberde jerime, para töletdirilýär” diýip, ýerli lukman habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bu gadagançylygyň gurply maşgalalara tas degişli däldigini, lukmanlaryň olaryň öýlerine barýandygyny we çagalaryny sünnet edýändigini hem aýdýar.

Garaşsyz neşir tebipleriň aglabasynyň sünnet etmegi öz-özünden öwrenendigini we ene-atalaryň muňa düşündiýändigini, ýöne muňa garamazdan olaryň hassahanalara däl-de, tebiplere ýüz tutýandygyny hem belleýär. Munuň däp-dessur we olaryň hyzmatlarynyň hassahanadaky operasiýadan has arzan düşýändigi bilen baglanyşykldygy aýdylýar.

“Tebibe oglan çaganyň aşagyna goýlan iki ýassygyň biri, bir rubaşka we 100-150 manat berilýär. Bu amal hassahanada mugt ýerine ýetirilýär. Ýön eolar operasiýadan soňky bejergi üçin dezinfeksiýa suwuklygy we melhem ýaly serişdeler üçin 32 manat 70 teňňe we ýedi sany ýörite içgi geýim üçin 40 manat alynýar. Şeýle-de, hirurga 200 manat möçberindäki resmi däl tölegi tölemeli we çäräniň hormatyna ähli bölüm üçin palaw, çörek, birnäçe çüýşe arak we alkogolsyz içgileri getirmeli” diýip, neşir belleýär.

Marydaky habarçymyz hem, sebitiň hassahanalarynda çagalaryny sünnet etdiren ene-atalar “aklyk” diýip, lukmanyň eline 200 manat, käte-de 100 manat, şepagat uýasyna 20 manat berýärler.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada Daşogzuň we Marynyň Saglyk bölüminden we Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda oglan çagalar köplenç üç ýaşanda, ýa-da bolmasa bäş-ýedi ýaşanda, soňky ýyllarda bolsa has kiçi ýaşlarda hem sünnet edilýär. Ýurtda munuň amal edilşini düzgünleşdirýän haýsydyr bir kanunçylyk göze ilmeýär.

Ýöne soňky bäş ýyldan gowrak wagt bäri türkmen häkimiýetleri halk tebipleriniň ýa-da pensiýadaky lukmanlaryň çagalary öýde sünnet etmegini gadagan edýärler we olara garşy gözegçiligini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Resmiler bu gadagançylygyň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne 2018-nji ýylyň martynda Daşogzuň häkimiýet wekilleri çagalary öýlerde sünnet edýän tebiplere 3 müň manat möçberinde jerime salynjakdygy barada duýduryş berdiler. Eger-de bu hadysa ikinji gezek gaýtalansa, onda tebipleriň tussag ediljekdigi duýduryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Моргенштерн

Моргенштерн* раскрыл доход от платного телеграм-канала




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Спорт объединяет поколения: в Москве прошёл праздник ко Дню Победы для детей с ОВЗ


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В. Путин поручил подключить к газу более 3 млн домов по программе социальной газификации



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России