Özbegistanda köp aýallylygy wagyz edýänlere çäre görler
Özbegistanda bir wagtyň özünde iki ýa-da has köp aýal bilen ýaşaýan, şeýle-de aýal-erkek hukuklarynyň deň bolmagyny aç-açan inkär edýän adamlar administratiw jogapkärçilige çekilip bilner.
Bu baradaky kanun parlamentiň kanun çykaryjy palatasynyň nobatdaky mejlisinde tassyklandy diýip, parlamentiň aşaky palatasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Täze kanun iki ýa-da has köp aýal bilen bile ýaşaşýan, aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň deň bolmagyny aç-açan inkär edýän adamlary administratiw jogapkärçilige çekmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle-de, bu kanun milli, jyns, etnik ýa-da dini degişliligi esasynda raýatlaryň artykmaçlygyny ýa-da pesligini wagyz etmek bilen bagly jogapkärçiligiň kesgitlenmegini göz öňünde tutýar.
Mundan başga, nikasy kanun esasynda hasaba alynmadyk adamlara dini esasda nika gyýmak bilen bagly çäreler üçin jogapkärçilik giriziler.