Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Новости за 13.09.2023

Türkiýede migrantlara garşy köpçülikleýin reýdler geçirilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanly aktiwistler migrantlara garşy reýdleriň köpçülikleýin ýagdaýda, şol sanda metrolarda, awtobuslarda, seýilgählerde hem geçirilýändigini aýdýarlar. Türkmenistanly Maksat Baýmyradow “Migrant.Media” proýektine beren interwýusynda, özüniň ýaşamaga resmi rugsadynyň bardygyna hem garamazdan saklanandygyny aýtdy. Wideo: "Migrant Media"



Türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň fonunda ‘körek ogrularyny’ yzlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda mejbury ynsan zähmetinden peýdalanylyp girişilen pagta möwsüminiň fonunda, ýurduň günbatar sebitlerinde häkimiýetler gowaça meýdanlaryndan 'ýitirim bolýan' körekleriň, açylmadyk gowaça gozalarynyň yzyny çalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi. Balkan welaýatynda häkimiýetleriň köreklere esewan işleriniň güýçlenmegi, sebit ýolbaşçylarynyň ýaňy-ýakynda gowaça meýdanlaryna sapar edip, ekin meýdanlarynyň golaýynda ganar gaplaryň içinde... Читать дальше...

TN: Daşoguzda biometriki pasport üçin nobatlar 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady

Azathabar.com 

Daşoguzda biometriki pasport almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak isleýän raýatlaryň nobaty 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär. Neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 12-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, ýagdaý aýdan-aýa ýaramazlaşýar. “Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguzdaky edarasynda biometriki pasport almak üçin indi diňe 2024-nji ýylyň iýul aýyna talon berilýär... Mundan beýläk biometriki pasportlary almak üçin öňküler ýaly dört-bäş aý däl-de... Читать дальше...

Liwiýadaky suw joşmasynda 10 müň adam ýitdi, müňlerçe adam ölendir öýdülýär

Azathabar.com 

Gyssagly kömek işgärleri 12-nji sentýabrda Liwiýanyň gündogaryndaky Derna şäheriniň harabalyklarynyň arasynda suw joşmasy netijesinde heläk bolan adamlaryň ýüzlerçe jesedini tapdylar. Ortaýer deňzinde turan Daniel tupany bentleri böwsüp, şäheriň tutuş etraplarynyň suw astynda galmagyna sebäp boldy, 10 müň çemesi adamyň şindem tapylmaýandygy aýdylýar. Daşardan iberilýän kömekler Derna 12-nji sentýabrda, bolan betbagtçylykdan 36 sagat soň gelip başlady. Dernanyň tiz kömek gullugy häzir ölenleriň sanynyň 2300 adama ýetendigini aýtdy.

Maryda suw çiliminiň bikanun söwdasynda höküm edilenleriň hossarlary olaryň boşadylmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýakynda suw çiliminiň, ýagny kalýanyň bikanun söwdasyny etmekde höküm edilen raýatlaryň hossarlary olaryň adalatsyz tussag edilip, aýyplama bildirilendigini aýdýarlar. Olar bu ýagdaýlary häkimiýetlere ýetirip, hossarlarynyň tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş edýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň bikanun söwdasyny etmekde aýyplanyp, iýun aýynda tussag edilen raýatlaryň, şol sanda ýaş bäbekli eneleriň hossarlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Читать дальше...

Metbugat: Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşar

Azathabar.com 

“Biznes Türkmenistan” neşiri özbek we eýran resmileriniň Tähranda geçirilen duşuşygyna salgylanyp, özbek ministriniň wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegi teklip edendigini habar berýär. Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargami bilen birinji gün duşuşypdyr. Читать дальше...

Gyrgyz kazyýeti derňewçi žurnalisti Russiýa deportasiýa etmek baradaky karary goldady

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti tanymal derňewçi žurnalistiň şikaýatyny ret etdi, ol kazyýetiň "Gyrgyz pasportyny bikanun alandygy" üçin Russiýa deportasiýa edilmegi barada çykaran kararyndan nägile bolupdy. Gyrgyzystanyň döwlet işgärleri bilen bagly korrupsiýa maglumatlary barada giňişleýin habar beren Bolot Temirow noýabr aýynda Moskwa deportasiýa edildi. Gyrgyz we rus raýatlygy bolan Temirow özüne garşy açylan jenaýat derňewiniň Merkezi Aziýa ýurdunyň ýokary wezipeli adamlarynyň arasyndaky korrupsiýa... Читать дальше...

Özbegistanda türkmen pulunyň hasabyna ýene 33 kärhana açyldy

Azathabar.com 

Türkmen metbugaty Özbegistanda türkmen maýasynyň hasabyna ýene 33 sany täze kärhananyň döredilendigini habar berýär. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda 33 sany täze kärhana döredildi diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp ýazýar. Neşiriň maglumatyna görä, Özbegistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda jemi 207 sany täze bilelikdäki kärhana döredilip, olaryň 15,9 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Читать дальше...

Owganystan 4 aýda Türkmenistanyň 80 sisterna suwuk ýangyjyny yzyna gaýtardy

Azathabar.com 

Owganystanyň Milli standartlar gullugy (ANSA) dört aýyň içinde Türkmenistanyň pes hilli suwuklandyrylan gaz we nebit getiren 80 sisternasyny yzyna gaýtardy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” owgan metbugatyna salgylanyp habar berýär. Iýul aýynda Owganystanyň getirilen önümiň hilinden nägile bolup, Türkmenistanyň suwuklandyrylan gaz ýüklerini iki gezek yzyna gaýtarandygy habar berildi. 10-njy iýulda 17 sany ýük maşynynyň, 16-njy iýulda bolsa ýene on töweregi sisternanyň yzyna gaýtarylandygy belli boldy. Читать дальше...



Москва

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин сообщил о начале работы сезонных ярмарок выходного дня



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Певица

Певица Анастасия Стоцкая появилась на публике в откровенном наряде




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

В Московской области прошел чемпионат Центрального округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Команда подмосковного главка Росгвардии заняла призовое место на чемпионате Центрального округа по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия


Дарья Касаткина

Теннисистка Касаткина заявила, что скучает по России, но пока не может приехать



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Стало известно, кто выступит на фестивале «Мир Сибири» в 2024 году



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России