Türkmenistan ÝB ýurtlary bilen aradaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrýar
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) ýurtlary bilen arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Azerbaýjanyň “Trend” habar gullugyna salgylanyp ýazýar.
ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp berlen habara görä, Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda, geçen ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende, 17,8% ýokarlandy (406,3 million ýewro).
Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanyň ÝB ýurtlaryna eksporty 273,16 million ýewro deň boldy, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29% ýokary (193,81 million ýewro) diýip, habarda bellenýär.
Şu ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň ÝB ýurtlaryndan importy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4% ýokarlandy we 221,5 million ýewro deň boldy.
Şeýle-de habarda Türkmenistanyň ÝB ýurtlaryndan şu ýylyň alty aýynda 7,64 million ýewro möçberinde mineral önümleri import edendigi habar berilýär.