Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

“Freedom Now”: Ömruzak Omarkulyýew derhal we şertsiz azat edilmeli

0
“Freedom Now”: Ömruzak Omarkulyýew derhal we şertsiz azat edilmeli

6-njy sentýabrda  düýbi Waşingtonda ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Freedom Now” guramasy 5 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Türkiýeden aldaw ýoly bilen Türkmenistana eltilip, uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen türkmen studenti Ömruzak Omarkulyýewiň derhal we şertsiz boşadylmagyna çagyrdy.

1985-nji ýylda doglan Omarkulyýew, guramanyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 15-nji martynda näbelli aýyplamalar esasynda saklanyp, 20 ýyl tussaglyga höküm edildi.

“Türkmenistan 2,000 gün mundan ozal, şu gün, student Ömrüzak Omarkulyýewi ýalan bahanalar astynda, aldaw ýoly bilen ýurda gaýtaryp getirenden soňra, tussag etdi. Ol näbelli aýyplamalar boýunça 20 ýyllyk hökümi ýerine ýetirýär. Biz onuň derhal we şertsiz boşadylmagyna çagyrýarys” diýip, “Freedom Now” 6-njy sentýabrda ozalky ady Twitter bolan X ulgamynda ýazdy.

Ömruzak Omarkulyýew tutulmazyndan ozal, Türkiýede inženerçilik ugrundan bilim alýardy we türkmenistanly studentleriň raýdaşlyk guramasyny döredeninden soň, aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirildi we garaşsyz neşirler bilen aragatnaşyga çykmagyny bes etdi.

Türkiýede ýokary bilim alýan döwründe, 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçirilýän bir parlament saýlawlaryna türkmen häkimiýetleri tarapyndan, hamala, synçy bolmaga aldaw ýoly bilen çagyrylan 26 ýaşly Omarkulyýew soňy bilen ýurtdan çykyp bilmedi. Munuň yz ýany, ynamdar çeşmeler onuň uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdiler.

Bu işiň halkara jemgyýetçiligine mälim bolmagynyň yz ýany, sosial ulgamlarda Ömruzagyň, hamala, harby gulluk borjuny ýerine ýetirýändigini görkezýän şübheli bir wideo peýda boldy.

Azatlyk Radiosyna gelip gowşan maglumatlara görä, “watana dönüklikde” günä bildirilip, azatlykdan mahrum edilen Omarkulyýew sosial ulgamlarda peýda bolan wideoda, hamala, harby lybasda, gulluk borjuny ýerine ýetirýän görnüşde görkezilýär.  

Wideoda aýdylan maglumatlar hakykat bolanda, Omarkulyýew şu wagta çenli harby gullugy bireýýäm dynyp, raýat durmuşyna dolanmalydy.

Mundan ozal, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar, Birleşen Ştatlaryň birnäçe senatory, Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky missiýasynyň 2019-njy ýyldaky başlygy  we başga-da birnäçe raýat toparlary, aktiwistler tussag edilen türkmen studentiniň azatlyga çykarylmagyna çagyryp, ençeme gezek türkmen häkimiýetlerine ýüzlendiler. Halkara çagyryşlara we ýazgaryşlara garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti studentiň ykbaly boýunça dymyşlygy saklady.

Uzaga çeken ümsümlikden we sosial mediada peýda bolan şübheli wideolardan birnäçe ýyl soňra, türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynda geçirilen 137-nji mejlisinde Ömruzak Omarkulyýewiň şol wagt resmi taýdan ýazgyda duran salgysynda ýaşaýandygyny öňe sürdi.

Bu çykyşda türkmen häkimiýetleri Omarkulyýewiň ne jenaýat jogapkärçiligine, ne-de administratiw jogapkärçilige çekilendigini, häzirki wagtda onuň ene-atalary bilen bilelikde kanuny esasda ýazgyda duran salgysynda ýaşaýandygyny öňe sürdüler.

Muňa garamazdan, jemgyýetçilige mälim bolan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri Omarkulyýewiň özüniň, dogan-garyndaşlarynyň we ene-atasynyň ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar bilen aragatnaşyga geçmegine rugsat bermedi.

Ynsan hukuklary boýunça “Freedom Now” guramasy 2020-nji ýylyň maýynda Omarkulyýewiň işi boýunça BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky işçi toparyna arza ýollandygyny aýtdy.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy Ömruzak Omarkulyýewi Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenleriň sanawyna goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Владимир Брилёв: «Концерт, посвященный Великой Победе, стал доброй традицией для творческого объединения «Хрустальное соZVездие».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Моргенштерн

Моргенштерн* раскрыл доход от платного телеграм-канала




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве


Арина Соболенко

Швентек и Соболенко устроили триллер за престижный трофей



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


News Every Day

Seven reasons Sporting are champions of Portugal



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России