Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

TN: Daşoguzda biometriki pasport üçin nobatlar 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady

0
TN: Daşoguzda biometriki pasport üçin nobatlar 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady

Daşoguzda biometriki pasport almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak isleýän raýatlaryň nobaty 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär. Neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 12-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, ýagdaý aýdan-aýa ýaramazlaşýar.

“Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguzdaky edarasynda biometriki pasport almak üçin indi diňe 2024-nji ýylyň iýul aýyna talon berilýär... Mundan beýläk biometriki pasportlary almak üçin öňküler ýaly dört-bäş aý däl-de, tas bir ýyl garaşmaly bolýar” diýip, habarda aýdylýar.

Maglumatda Aşgabatda beýle uzyn nobatlaryň ýokdugy bellenilip, eger migrasiýa gullugy islese, onda käbir işgärlerini paýtagtdan Daşoguza ibermek arkaly bu meseläni çözüp biljekdigi hem aýdylýar.

“Emma [migrasiýa gullugynda] beýle isleg ýok ýaly bolup görünýär” diýip, neşir çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.

Türkmenistanda raýatlar ýurtdan çykmaga we ýurda girmäge niýetlenen biometriki pasportlaryny almak ýa-da olaryň möhletini uzaltmak üçin migrasiýa edarasynda nobata durup, ýörite talon almaly bolýarlar. Raýatlar bu talon esasynda resminamalaryny tabşyryp bilýärler. Mundan soňra olar biometriki pasportlaryny ellerine almak üçin ýene azyndan bir-iki aý garaşmaly bolýarlar.

Garaşsyz neşir öz çeşmelerine salgylanyp, ýurtda raýatlara biometriki pasportlary bermegiň mukdarynyň bilkastlaýyn çäklendirilendigini aýdýar.

“Her bir welaýata aýda 20-25-den köp resminama bermezlik tabşyryldy. Korrumpirlenen migrasiýa gullugynyň işgärleri, araçylaryň ulgamy arkaly, pasportlaryň gyssagly berilmegi üçin köp pul gazanýarlar” diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilenler barada sebitiň migrasiýa edarasy bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň biometriki pasportlary almakdaky kynçylyklary şu ýylyň fewral aýynyň ilkinji günlerinde peýda bolup başlady. Şonda migrasiýa gulluklary raýatlara maý aýyna nobat beripdiler. Iýulyň başynda bu nobatlar öňümizdäki ýylyň fewral aýyna çenli uzady.

Bu wakalar, ýurtda pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilip başlanmagy bilen, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň göz-görtele köpelmegi bilen utgaşýar. Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, köp raýat iş gözleginde esasan Russiýa, Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara gidýär.

Soňky aýlarda häkimiýetler täze düzgünleri girizip, öz ilatynyň ýurtdan gitmegini has-da çäklendirmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär.

Mart aýynda häkimiýetler daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil geçjek döwlet işgäriniň bolmalydygyny aýtdylar. Awgustda bolsa, olar kepil bolýan döwlet işgäriniň bankda karzynyň bolmaly däldigini mälim etdiler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki resmi media ykdysady kynçylyklar, onuň ilata ýetirýän täsirleri we munuň bilen bagly raýatlaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara köpçülikleýin gidýändigi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Bu aralykda, Azarbaýjana sapar edýän türkmen raýatlarynyň sanynyň üç esse artandygy habar berilýär. “Trend” neşiriniň Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk gullugyna salgylanyp, 11-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistandan Azerbaýjana 16 müň 163 syýahatçy geldi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 esse ýokarydyr. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 5 müň 16 adama barabardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

Анна Данилова дала старт Всероссийской акции "Синий платочек Победы" 2024 на станции метро Курская


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Linkin Park

Звездные разборки: Филипп Киркоров выпустил новую песню, Linkin Park поедут в тур, а Ольга Бузова показала сына-подростка




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

Что произошло 8 мая в истории Якутии


ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Посвященную инаугурации Путина марку начали продавать в главпочтамте Москвы



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России