Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Maryda suw çiliminiň bikanun söwdasynda höküm edilenleriň hossarlary olaryň boşadylmagyna çagyrýar

0
Maryda suw çiliminiň bikanun söwdasynda höküm edilenleriň hossarlary olaryň boşadylmagyna çagyrýar

Türkmenistanda ýakynda suw çiliminiň, ýagny kalýanyň bikanun söwdasyny etmekde höküm edilen raýatlaryň hossarlary olaryň adalatsyz tussag edilip, aýyplama bildirilendigini aýdýarlar. Olar bu ýagdaýlary häkimiýetlere ýetirip, hossarlarynyň tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň bikanun söwdasyny etmekde aýyplanyp, iýun aýynda tussag edilen raýatlaryň, şol sanda ýaş bäbekli eneleriň hossarlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.

“Iýunyň başynda polisiýa duýdansyz gapymyzy kakyp, hojalygymyzdaky suw çiliminiň guralyny we onuň şirelerini, şol sanda üç görnüş balyny, kömür we falga ýaly zatlary alyp gitdi we gelnimi tussag etdi” diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, şol döwürde polisiýa işgärleri ençeme hojalyga reýd geçirip, suw çiliminiň bikanun söwdasyny etmekde ençeme raýaty tussag etdiler. Olaryň her biri degişlilikde azyndan iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Azatlykda bu raýatlaryň şahsyýeti barada maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

“Şonda suw çilimi bilen bagly raýatlaryň birnäçesi telewideniýede, ‘Watan’ habarlary gepleşiginde görkezildi” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Gürrüňi edilýän waka 7-nji iýunda bolupdy. Şonda döwlet telewideniýesi sosial torlarda suw çilimli, ýagny kalýanly suratlaryny paýlaşan adamlaryň öz-özlerini ýazgarýan tobaly çykyşlaryny görkezdi.

“Döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi” diýlip, resmi metbugatda aýdyldy.

Ýöne gürrüňi edilen hukuk bozulmalar, olaryň anyk haçan we nirede amal edilendigi, raýatlara takyk nähili çäreleriň görülendigi barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Tussag edilenleriň hossarlary suw çiliminiň guralyny we şiresini wakadan sanlyja gün ozal bazarlardan aç-açan satyn alandyklaryny, onuň gadagandygy barada hem hiç bir ýerde bildirişiň ýa kanunçylygyň ýokdugyny aýdyp, häkimiýetleriň bu çäresini adalatsyzlyk häsiýetlendirýärler.

“Kalýan balyny biz hojalykda öndüremizok ahyryn. Biz bazardan satyn alyp, soň obamyzda satýardyk. Biziň munuň gadagan bolanyndan-da habarymyz ýok. Ilki habardar etmän ýa-da duýduryş bermän, duýdansyz gadagan diýip türmä basyşlaryna biz haýran” diýip, maryly başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz öz ýakynlarynyň türmeden boşadylmagyny haýyş edip, döwlet emeldarlaryna, şol sanda prezidente azyndan iki gezek hat ýazandyklaryny hem gürrüň berdiler.

“Biz soňky hatymyzda 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek günä geçişlikde hossarlarymyzyň azatlyga goýberilmegini haýyş etdik. Biz galan ömrümizde indi rugsat berler-de, bu söwdadan daşda durjakdygymyzy ynandyrmaga çalyşdyk” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň Polisiýa müdirliginden we prokuraturasyndan kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň kanunçylygynda suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň ulanylyşyny ýa-da söwdasyny düzgünleşdirýän namalar göze ilmeýär.

Ýöne türkmen häkimiýetleri şu ýylyň iýun aýynyň başynda bu çilimiň söwdasyna we ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirdiler. Ýurtda sosial ulgamlarda, hususan-da Instagramda kalýanly suratlary paýlaşylan ýaşlar polisiýa tarapyndan köpçülikleýin soraga çekildi. Mundan başga-da, şol döwürde ýurduň söwda tekjelerinden birdenkä elektron çilimler hem ýitirim boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu çärelerini 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrundaky tagallalary bilen düşündirýärler.

Ýöne Azatlygyň ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesi muny "döwlet monopolisýasyna öwrülen" çilim söwdasynyň gowşamagy bilen baglanyşdyrýar.

“Elektron we kalýan çilimini aradan aýryp, çilimiň söwdasyny güýçlendirjek bolýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bular barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden, şeýle-de Içeri işler ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: внимание Путина к Москве дорогого стоит



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Валерий Гергиев

Пасхальный фестиваль под руководством Гергиева пройдёт 7 мая в Челябинске




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном


Ига Свёнтек

«Ну и кто сказал, что женский теннис — это скучно?» Свёнтек — после матча с Соболенко



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Жизнь

Техник СЛД «Сольвычегодск» филиала «Северный» ООО «ЛокоТех-Сервис» Алина Леготина стала участником проекта ОАО «РЖД» «Управленческое наставничество»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России